“Gyz gözelligi edebindedir”

51

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramaklarynda “Gyz gözelligi edebindedir” atly maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, saglyk ulgamynyň wekilleri, ak saçly eneler, ýokary okuw mekdepleriniň zenan professor-mugallymlary we talyp gelin-gyzlary gatnaşdylar.
Maslahat bilen ugurdaş türkmen halkynyň milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.
Maslahatyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylary, folklor  topary tarapyndan Arkadagly Serdarymyzy, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyny, türkmen tebigatyny, milli gymmatlyklarymyzy, gelin-gyzlarymyzy wasp edýän aýdymlar aýdyldy, halk döredijiliginden parçalar ýerine ýetirildi we  mukamlar ýaňlandy.

Paýlaş

05/06/2022

AR, VR tehnologiýalar

Augmented reality (AR) (Дополненная реальность) Goşulan reallyk – real

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
(12) 94-67-30 / 94-61-59
Email:
tdu@online.tm