Hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi
66524-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Sanly ösüş» atly hakaton bäsleşigi geçirildi.
«Sanly ösüş» atly hakaton bäsleşigi Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygy üpjün etmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de ýokary okuw mekdepleri tarapyndan bilelikde geçiriljek hakaton bäsleşikleriniň sanawyna laýyklykda guraldy.
Bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, maglumat we sanly tehnologiýalary peýdalanmak arkaly öňdebaryjy pikirleriň döremegine hem-de olaryň durmuşa ornaşdyrylmagyna ýardam bermek, talyplaryň hünär ugry boýunça taýýarlygyny ýokarlandyrmak bäsleşigiň esasy maksadydyr.
Bäsleşigiň geçirilmegi ýaş alymlaryň maglumat tehnologiýalarynda programma üpjünçiligini döwrebap ösdürmekde mynasyp goşantlaryny goşmaga, olaryň bu ugurda hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga, döredijilik ukybyny açyp görkezmäge uly ýardam berdi.
Hakaton bäsleşiginiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjy talyplar WWW arhitekturany, esasy web standartlaryny we tehnologiýalaryny, müşderi we serwer web-tehnologiýalaryny, HTML dilinde dokumentiň we tegleriň strukturasyny, parametrlerini, CSS bilen işlemeginiň esaslaryny, dinamiki web-programmalar üçin «jQuery»-ny ulanmagy, «Ajax» tehnologiýany ulanmagy, «JavaScript» programmirleme diliniň sintaksisini, maglumat bazalaryny, programma üpjünçiliginiň müşderi we serwer bölegini, ýagny HTTP protokolyny, serwer tarapynyň talaplaryny, DOM obýekt modelini, modullary işläp düzmek boýunça bäsleşdiler.
Şeýlelikde, eminleriň gelen netijesine görä, 1 sany birinji orna, 3 sany ikinji orna, 4 sany üçünji orna mynasyp bolan ýeňijiler kesgitlenildi. Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplar toparlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň diplomlardyr Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Ýeňijileriň sanawy bilen web saýtyň Bildirişler bölüminde tanşyp bilersiňiz.
23/05/2025
Ylmy-usuly maslahat geçirildi
20/05/2025
Çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi
14/05/2025