Türkiýe Respublikasynyň Ankara jemgyýetçilik bilimleri uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyk geçirildi
195Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmeleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri hem-de ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk işleri giň gerimde ýola goýulýar we ösdürilýär.
18-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkiýe Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy, Ankara jemgyýetçilik bilimleri uniwersitetiniň rektory, professor Musa Kazym Aryjan bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Ankara jemgyýetçilik bilimleri uniwersitetiniň rektorlary ýokary okuw mekdepleriniň häzirki zaman dünýäniň öňdebaryjy tejribesinden ugur alyp, bilimde, ylymda gazanylan üstünlikleri paýlaşmak we hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň bardygyny aýtdylar. Hususan-da, olar uniwersitetleriň ylym-bilim babatdaky işleri, olaryň gurluşy, hereket edýän fakultetler, kafedralar we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler barada pikir alyşdylar.
Berkarar Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigi, bilim bermegiň häzirki zaman şertlerine laýyklykda öndebaryjy tejribeler ornaşdyrylýandygy, okatmagyň häzirki zaman usullary esasynda, bilim edaralaryna innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilýändigi çykyşlarda öz beýanyny tapdy.
Ylym-bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda geçirilen duşuşyga gatnaşyjylar döwletara ylym-bilim babatdaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde, häzirki zaman jemgyýeti üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin iki döwletiň Baştutanlaryna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.