Baýramçylyk sport dabarasy geçirildi

151

1-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistan bilen Hindistanyň başlangyjy bilen “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli “Sport sagdynlygyň, gözelligiň gözbaşydyr” atly baýramçylyk sport dabarasy geçirildi.
Dabarada çykyş eden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem-de talyplary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, bu ugurda alnyp barylýan tutumly işler dogrusynda belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistan bilen Hindistanyň başlangyjy bilen “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň taryhy ähmiýete eýe bolup durýandygyny nygtap geçdiler.
Dabara talyplaryň köpçülikleýin tigir sürmek, küşt, düzzüm oýunlary bilen utgaşyp, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fakultetleriniň toparlarynyň arasynda woleýbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygy bilen dowam etdi.
Baýramçylyk sport dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, bilim-ylym ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30