“El hünäri-il gezer”
146Ýakynda Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň yglan eden “El hünäri-il gezer” atly döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan gyzykly bäsleşik geçirildi.
Çärede uniwersitetiň talyp gyzlary üç şert, ýagny: mata böleklerinden durmuşda ulanylýan önümleri tikmek, keşdäni sünnäläp ýerine ýetirmek, alajanyň dürli görnüşlerini taýýarlamak boýunça bäsleşdiler.
Uniwersitetiň himiýa fakultetiniň okuw binasynda guralan bu sergä tärimler, şaý-sepler, türkmen milli lybaslary, el işleri, halylardyr keçeler bilen bezelen türkmeniň ak öýi aýratyn ýaraşyk berdi. Aşgabat şäher häkimligine wekilçilik eden kümüş saçly eneler bäsleşigiň emin agzalary hökmünde talyp gyzlaryň ýerine ýetiren el işlerini bahalandyrdylar, olara degerli maslahatlary berdiler. Bäsleşigiň dowamynda Uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde ruhubelent aýdymlar ýaňlandy.
“El hünäri-il gezer” atly döredijilik bäsleşiginiň dowamynda hormatly myhmanlar talyp gyzlar bilen ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen, Kemine şahyryň “Meniň dilim, seniň eliň hünäri, Nusga bolup galsyn, ilden-illere” diýip waspyny ýetiren we häzir täze öwüşgin bilen şugla saçýan milli gymmatlyklarymyz, el işleri, keşdeler, boýag alýan dermanlyk ösümliklerimiz barada gyzykly söhbet etdiler.
Çärä gatnaşyjylar türkmen halkynyň milli mirasyny öwrenmekde, goramakda, aýawly saklamakda düypli işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, tutumly işleriniň hemişe rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

23/05/2025
Ylmy-usuly maslahat geçirildi
20/05/2025
Çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi
14/05/2025