Adam we tebigat gatnaşyklaryndan söz açýan okuw gollanmasy

117

Edebiýatda tebigat temasy gadymy döwürlerden beýan edilip gelinýär. Tebigat temasynyň işlenilişiniň taryhy köklerini, çeperçilik gymmatlyklaryny, ösüş ýagdaýlaryny, peýzaž lirikasynyň inçeligini açyp görkezmek, beýan edilýän tebigatyň durmuş hakykatyna gatnaşygyny ylmy esasda derňäp öwrenmek wajyp bolup durýar.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň pedagogika kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulbäbek Amandurdyýewa tarapyndan taýýarlanyp, «Ylym» neşirýaty tarapyndan neşir edilen «XVIII asyr türkmen edebiýatynda adam we tebigat gatnaşyklary» atly okuw kitabynda nusgawy edebiýatymyzda ynsanyň tebigata bolan gatnaşygynyň mazmuny, usuly, serişdeleri, Watan tebigatyna bolan söýginiň watançylyk terbiýesini, ekologiýa terbiýesini bermekdäki ähmiýeti ylmy derňew edilýär.
Döwrüň möhüm meselelerine bagyşlanyp taýýarlanylan bu okuw kitaby XVIII asyr türkmen edebiýatyndaky maglumatlara esaslanyp, tebigat bilen adam gatnaşyklarynyň mazmuny, gözellik duýgularynyň şahyrana döredijilige täsiri barada söhbet açmak bilen talyplara ekologiýa terbiýäni bermekde ähmiýetlidir.
«XVIII asyr türkmen edebiýatynda adam we tebigat gatnaşyklary» atly bu kitap ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, talyplaryna, aspirantlara, orta mekdebiň mugallymlaryna, şeýle-de gyzyklanýan okyjylar köpçüligine niýetlenendir.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30