Ýürek buýsançlary
112Amannepes ŞYHNEPESOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri:
— Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dünýä derejesinde mertebelenmegi Milli Liderimiziň alymlyk we şahyrlyk şahsyýetinden, hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan gözbaş alýar. Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplarynda Magtymguly Pyragy hakynda ajaýyp ylmy pikirler beýan edilýär, täze garaýyşlar öňe sürülýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda bolşy ýaly, ylmy-filosofik kitaplarynda-da dana şahyryň taryhy we döredijilik şahsyýetiniň täze taraplary açylýar. «Ömrümiň manysy» kitabynda Magtymguly dünýä derejeli, bütin Gündogar ölçegli, ruhy-filosofik mertebeli şahsyýet hökmünde örboýuna galýar. Ýeri gelende aýtsak, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň alymlarynyň alyp barýan ylmy barlaglarynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi boýunça köpugurly nazary temalaryň işlenilmeginiň netijesi bolan ylmy monografiýalar, ylmy makalalardyr nutuklar ýygyndylary, okuw kitaplarydyr gollanmalar neşire taýýarlanyldy, halkara hem ýurt derejesinde dürli ylmy-usuly, ylmy-nazary maslahatlar geçirilýär.
Şu döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolmak bizi has döredijilikli işlmäge ruhlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli we dünýä ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Araznepes MÄMMETJUMAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň uly mugallymy:
— Uly üstünliklere, şatlyk-şowhuna beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemleýji aýy ähli watandaşlarymyza begenç, buýsanç duýgularyny paýlaýar. Beýik akyldaryň adyny göterýän bilim ojagymyzda watandaşlarymyzyň ençemesine «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar gowşuryldy. Bize hem şanly ýyldan ýadygärlik nyşany alnymyza sylmak miýesser etdi. Bütin ömre şugla çaýýan şeýle ajaýyp pursatlar has-da yhlasly, döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Magtymguly Pyragy — biziň milli şahyrymyz. Onuň eserleri bütin adamzadyň ýüreginde müdimilik orun aldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp eseri akyldar şahyrymyza sözden binýat bolan mizemez heýkeldir. Hut şu ýylymyzyň adynyň hem şol ajaýyp şygyrdan gözbaş almagy her birimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiz «Magtymguly Pyragy türkmenleriň şahyry, dünýä halklarynyň şahyry, tutuş ynsanyýetiň şahyry» diýip belleýär. Bu sözlerden ruhlanan halkymyz üçin akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna dogry düşünmek, nesillere ýetirmek her bir ynsanyň mukaddes borjudyr.
Magtymguly Pyragynyň umman ýaly giň döredijiligini dünýä tanadan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!