Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen ylmy-nazaryýet maslahat

101

18-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary Gazagystan Respublikasynyň Abaý adyndaky gazak milli mugallymçylyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly ylmy-nazaryýet maslahatyna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Maslahatda ylym bölüminiň başlygy M.Hojagulyýew “Halkara ynsanperwer gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda we ösdürilmeginde ylym-bilimiň orny” atly nutuk bilen çykyş etdi.
Maslahatda döwletara ynsanperwerlik gatnaşyklaryny berkitmekde we ösdürmekde ylym-bilimiň ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, halkara hyzmatdaşlygyň häzirki zaman şertlerinde her bir döwletiň we jemgyýetiň durnukly ösüşi bilim, ylym bilen aýrylmaz baglydyr. Bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, onuň dünýä tejribesi bilen utgaşdyrylmagy bolsa geljekki ösüşler üçin aýdyň ýollary açýar.




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30