AÇYK GAPYLAR GÜNI
152Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti orta mekdepleriň uçurymlaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary, ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýänleriň ählisini 2025-nji ýylyň 3-nji we 10-njy maýynda sagat 15:00-da “Açyk gapylar” gününe çagyrýar.
“Açyk gapylar” gününde uniwersitete gelen ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, uniwersitetde öwredilýän hünärler, döwrebap tehnologiýalary enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, internet, lingafon otaglary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, muzeýler, talyplar sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem olar uniwersitetiň durmuşy baradaky wideofilme, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlaryna, fakultetler tarapyndan taýýarlanan sergilere tomaşa ederler.

HOŞ GELDIŇIZ!