“Paýhas synagy” zehin bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
7628-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli fakultetleriň 1-nji we 2-nji ýyl talyplarynyň arasynda yglan edilen “Paýhas synagy” zehin bäsleşiginiň (breýn-ring) jemleýji tapgyry geçirildi.
Zehin bäsleşiginiň geçirilmeginiň maksady talyplaryň bilim-başarnyklaryny, ylmy gözýetimlerini we dünýägaraýyşlaryny açyp görkezmekden, bu ugurda ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakdan, endiklerini kemala getirmekden, kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar. Bäsleşige gatnaşyjy talyplar kesgitlenen wagtyň dowamynda berlen sowallara anyk jogaplary çalasynlyk bilen dogry, takyk jogap bermek bilen, pikirleniş endiklerini kämilleşdirmek boýunça netijelere eýe bolýarlar.
Zehin bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fakultetleriniň talyplaryndan ybarat ýeňiji bolan toparlaryna uniwersitetiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjy talyp ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berkarar Watanymyzda döwrebap ylym-bilim almaga döredilýän şertler üçin alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.