Himiýa fakulteti

1784


Fakultet 2019-njy ýylda himiýa-biologiýa fakultetiniň binýadynda täzeden döredildi.

Fakultetde organiki himiýa, fiziki himiýa, organiki däl we analitiki himiýa kafedralary hereket edýär, olarda himiýa hünäri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.

Fakultetde dürli ugurlar boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Olara Hazar deňziniň suwotularynyň himiki düzümini we dermanlyk häsiýetlerini döwrebap usullar bilen kesgitlemek; önümçilik ähmiýetli ösümlikleriň himiýasy; nebitiň we gazyň himiýasy; spektral usullar bilen uglewodorod baýlyklarynyň we gyzyl suwotularyň düzümini öwrenmekde innowasion tehnologiýalaryň peýdalanylyşy; alunitden, selestinden, goňur kömürden we sellýulozaly önümçilik galyndylaryndan (gowaça çöpi, saman, melassa we ş.m.) alýuminiý gidroksidini, stronsiý gidroksidini, demir (III) sulfatyny we iýmleri almagyň tehnologiýasyny işläp düzmek ýaly temalar degişlidir. Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda göz öňünde tutulan ylmy-barlag işlerinden fakultetiň kafedralarynda “Ýokary ýag karbon we nebit karbon kislotalaryň esasynda senagat ähmiýetli birleşmeleri almagyň ylmy esaslary”, “Garabogaz aýlagynyň duzly şerebelerini toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň ylmy esaslary”, “Ýerli çig mallary ulanyp dokma önümleri üçin tebigy boýaglary almagyň ylmy esaslary” atly ylmy-barlag işleri alyp barmak meýilleşdirilýär.

Himiýa fakultetiniň binalar toplumy ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan umumy we amaly otaglar, diplom we ylmy-barlag işlerini alyp barmaga niýetlenilen tejribehanalar, lingafon we kompýuter otaglary, okalga otaglary bar. Fakultetiň tejribehanalary dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilen.

Himiýa fakultetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň edebi-çeper eserleri, köp tomluk ylmy-ensiklopedik işleri, şeýle-de multimedia we maglumat ekranlary arkaly ýurdumyzyň tebigy baýlyklary we himiýa senagatynyň ösüşinde kompýuter tehnologiýalarynyň orny bilen tanyşdyrýan sergi zaly hereket edýär.

Fakultetiň uçurymlaryna “himik, mugallym” käri berilýär. Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra bilim edaralarynda, ylmy-barlag institutlarynda, degişli ministrliklerdir pudaklaýyn edaralarynda işläp bilýärler.


Paýlaş

Okuw

Fakultet 2019-njy ýylda himiýa-biologiýa fakultetiniň binýadynda täzeden [...]

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
(12) 94-67-30 / 94-61-59
Email:
tdu@online.tm