Biz barada

16206




Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 1931-nji ýylda Aşgabat mugallymçylyk instituty hökmünde esaslandyryldy. 1950-nji ýylda ol Türkmen döwlet uniwersitetine öwrüldi. Bu ýokary okuw mekdebi häzir türkmeniň akyldar şahyry Magtymgulynyň adyny göterýär. 
Uniwersitetiň döwrebap maddy-enjamlaýyn binýady bolup, ol häzirki zaman okuw, kompýuter, internet otaglary, dürli tejribehanalary we kitaphanalary bolan okuw  binalarynyň altysyndan, talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de sport desgalarynyň tutuş toplumyndan, naharhanadan, garbanyşhanalardan ybarat. 
Türkmen döwlet uniwersiteti daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen ylym, bilim we medeni ugurlar boýunça gatnaşyk saklaýar.
Häzirki wagtda Türkmen döwlet uniwersitetinde 7325-den gowrak talyp  okaýar.
Uniwersitetde 12 fakultet (matematika, maglumat tehnologiýalary, fizika, himiýa, biologiýa, geografiýa, türkmen dili we edebiýaty, iňlis dili we edebiýaty, roman-german we gündogar dilleri, taryh, hukuk, hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetleri), 37 kafedra bolup, olarda hünär ugurlarynyň 14-si, hünärleriň we taýýarlyk ugurlarynyň 33-si boýunça hünärmenler, bakalawrlar we magistrler  taýýarlanylýar.
Matematika we mehanika ugry (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika).
Fizika we astronomiýa ugry (hünärler: fizika; astronomiýa; radiofizika we elektronika).
Informatika we hasaplaýyş tehnikasy ugry (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).
Biologiýa ylymlary ugry (hünär: biologiýa).
Himiýa ugry (hünär: himiýa).
Ýeri öwreniş ylymlary ugry (hünärler: geografiýa; kartografiýa; meteorologiýa; ekologiýa).
Psihologiýa ylymlary ugry (hünär: psihologiýa).
Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek ugry (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty, rus dili we edebiýaty).           
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi ugry (hünär: žurnalistika).
Taryh we arheologiýa ugry (hünärler: taryh; arheologiýa).
Filosofiýa we etika ugry (hünär: filosofiýa).
Ylahyýet ugry (hünär: ylahyýet).
Syýasat ylymlary we sebit öwreniş ugry (hünärler: syýasaty öwreniş; gündogary öwreniş).
Hukuk işi ugry (hünär: hukuk öwreniş).

Uniwersitetde şu ugurlar boýunça bakalawrlar taýýarlanylýar:

Matematika we mehanika (ugry: amaly matematika we informatika).
Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (ugry: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Bilimi dolandyrmak” ugry boýunça magistrler hem taýýarlanylýar.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
(12) 94-67-30 / 94-61-59