Roman-german we gündogar dilleri fakulteti

677


Roman-german we gündogar dilleri fakulteti 1959-njy ýylda döredilen daşary ýurt dilleri we edebiýaty fakultetiniň binýadynda 2019-njy ýylda esaslandyryldy.

Fakultetde roman-german dilleri, gündogar dilleri, daşary ýurt edebiýaty, rus dili kafedralary hereket edýär, olarda nemes dili we edebiýaty, fransuz dili we edebiýaty, italýan dili we edebiýaty, arap dili we edebiýaty, pars dili we edebiýaty, türk dili we edebiýaty, hytaý dili we edebiýaty hünärleri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Roman-german we gündogar dilleri fakultetinde okaýan talyplara filolog, iňlis dilini okatmaga goşmaça ýöriteleşen mugallym käriniň berilýändigi üçin olara öwrenýän esasy dilleriniň amaly we nazary okuwlaryndan başga-da iňlis diliniň nazary fonetikasy, leksikologiýasy, stilistikasy, nazary grammatikasy, iňlis dilini okatmagyň nazaryýeti we usulyýeti dersleri boýunça-da bilim berilýär. Kafedralarda bu hünärler bilen baglanyşykly taryhy, deňeşdirme, degşirme we beýan ediş dil bilimi boýunça ylmy işler alnyp barylýar.

“Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna” we ony durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda fakultetiň professor-mugallymlary tarapyndan daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýetiniň we usulyýet üpjünçiliginiň halkara tejribesini öwrenmek, daşary ýurt dilleriniň elektron sözlüklerini taýýarlamak, okadylýan daşary ýurt dilleriniň (nemes, fransuz, italýan, arap, pars, türk, hytaý, rus) okuw maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmak, okuw-usulyýet binýadyny kämilleşdirmek boýunça işleri alyp barýarlar.

Fakultetiň uçurymlaryna “filolog, hünär ugurlary boýunça hem-de iňlis dilini okatmaga goşmaça ýöriteleşen mugallym” kärleri berilýär. Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra bilim edaralarynda, ylmy-barlag institutlarynda, medeniýet ulgamynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we beýleki döwlet edaralarynda hem-de jemgyýetçilik guramalarynda, hususy kärhanalarda işläp bilýärler.


Paýlaş

Okuw

Roman-german we gündogar dilleri fakulteti 1959-njy ýylda döredilen daş [...]

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
(12) 94-67-30 / 94-61-59
Email:
tdu@online.tm