Hukuk fakulteti
29842Fakultet 1950-nji ýylda esaslandyrylan.
Fakultetde konstitusiýa hukugy, raýat hukugy we jenaýat hukugy kafedralary hereket edip, hukuk öwreniş hünäri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.
Fakultetde Türkmenistanda raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi; Türkmenistanyň döwlet gurluşy we hukuk ulgamy; halkara hukugynyň ýörelgeleri we kadalary; raýat, jenaýat, maşgala, telekeçilik, zähmet hem-de hukuk ylmynyň beýleki pudaklaryny kämilleşdirmek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Fakultetiň mugallymlary Türkmenistanyň hökümeti bilen dürli ýurtlaryň we halkara guramalaryň arasynda baglaşylan ylalaşyklar esasynda hukuk ulgamyny kämilleşdirmek babatyndaky taslamalara işjeň gatnaşyp, ýokary okuw mekdepleri üçin hukuk edebiýatlaryny, şeýle hem dissertasiýalary, monografiýalary, ylmy makalalary taýýarlaýarlar.
Fakultetde okuw oýunlaryny we beýleki interaktiw görnüşli işleri geçirmek üçin kriminalistika otagy, kazyýet mejlisler zaly ýaly ýörite otaglar döredildi.
Uçurymlara hukuk öwreniş hünäri boýunça “hukukçy” käri berilýär. Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra, Türkmenistanyň döwlet we hukuk goraýjy edaralarynda (prokuratura, kazyýet edaralarynda, Adalat ministrliginde, beýleki döwlet edaralarynda) we guramalarynda işläp bilýärler.