Halkara çäreler
2370
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti “Times Higher Education (THE)” guramasynyň “Asia University Rankings 2025” atly uniwersitetleriň bütindünýä reýtingine Habarçy (Reporter) derejesinde sanawa goşuldy.

25-nji aprelde “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen “Astrahan döwlet uniwersiteti” ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda” Ylalaşygyň çäklerinde ylym bölümiň başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty M.Hojagulyýew bu hyzmatdaş ýokary okuw mekdebi tarapyndan geçirilen “Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda goşuny we tyly üpjün etmekde Hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky ulag ýollarynyň orny we ähmiýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahatyna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyp, “Beýik Watançylyk urşy döwründe Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň Türkmenistana göçüriliş meselesi barada” atly ylmy nutuk bilen çykyş etdi.

24-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis diliniñ stilistikasy we grammatikasy kafedrasynyň mugallymy D.Allanurow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň binasynda şu ýylyň 20-30-njy marty aralygynda Hindistan Respublikasyna tanyşlyk saparynda bolan Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýeti bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy.

23-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki “Medeni miras: geçmişden geljege” ÝUNESKO kafedrasynyň alyp barýan işleriniň çäklerinde Bilimde maglumat tehnologiýalary boýunça ÝUNESKO instituty we Ýokary bilimde innowasiýalar halkara merkezi tarapyndan “Bilimde generatiw emeli aň” atly geçirilen webinaryna ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary wideoaragatnaşyk arkaly diňleýji hökmünde gatnaşdylar.

22-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň dekany N.Halymow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk (ÝHHG) Guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen Helsinki Jemleýji Aktynyň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan Foruma gatnaşdy.

19-23-nji aprel aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar topary we topar ýolbaşçy hökmünde matematiki analiz kafedrasynyň mugallymy A.Ýollyýew Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň Maglumat tehnologiýalary, mehanika we optika milli barlag uniwersitetinde geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň XI matematika bäsleşigine (11th Northern Countries Universities Mathematical Competition, NCUMC-2025) gatnaşdylar. Bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary 3 altyn medala mynasyp boldular. Toparlaýyn bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary I orna mynasyp boldy.

19-njy aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki “Medeni miras: geçmişden geljege” ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty B.Diwangulyýewa we taryh fakultetiniň agza talyplary ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty tarapyndan ÝUNESKO-nyň Ýaşyl bilim we Daşky gurşawy goramak taslamalarynyň çäginde Bütindünýä hereket günleri (Global Action Days) mynasybetli ýurdumyzda guralan ekologiýa hepdeliginiň dowamynda geçirilen “Tebigatymyzy bilelikde goralyň!” atly umumy okuw sapagyna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty kafedrasynyň mugallymy J.Şamyýewanyň ýolbaşçylygynda rus dili we edebiýaty hünäriniň talyplary Russiýa Federasiýasynyň federal döwlet býujet edarasy “B.N.Ýelsin adyndaky Prezident kitaphanasy” tarapyndan 2024-nji ýylyň 14-nji oktýabry - 2025-nji ýylyň 3-nji apreli aralygynda geçirilen “Russiýa elektron dünýäsinde” atly olimpiadasyna “rus dili daşary ýurt dili hökmünde” ugry boýunça wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyp, ýeňiji derejesine we baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Olimpiadanyň netijeleri Russiýa Federasiýasynyň federal döwlet býujet edarasy “B.N.Ýelsin adyndaky Prezident kitaphanasynyň” resmi internet sahypasynda ýerleşdirilen.

5-10-njy aprel aralygynda gündogar dilleri kafedrasynyň mugallymy, roman-german we gündogar dilleri fakultetiniň dekany N.Isaýew Rumyniýanyň Kluž-Napoka şäherinde Babeş-Bolýai uniwersitetiniň Türkologiýa institutynda geçirilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahatyna hem-de “Magtymguly Pygarynyň diwany” atly goşgular ýygyndysynyň rumyn diline terjime edilen nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy.

13-nji martda “Merkezi Aziýada howa durnuklylygy we howpsuzlygy üçin suw pudagynda ýokary bilimi pugtalandyrmak” (HWCA) atly taslamanyň çäginde Italiýanyň Bergamo uniwersitetiniň professory Filippo Menga tarapyndan geçirilen onlaýn okuw sapagyna ekologiýa kafedrasynyň mugallymlary gatnaşdylar.

24-nji fewral - 13-nji mart aralygynda maglumat ulgamalry we tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy A.Allekow Hindistan Respublikasynyň hökümetiniň guramagynda Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk (ITEC) maksatnamasynyň çäklerinde Noidanyň Kämil Hasaplaýyş boýunça Ösüş Merkezinde (Centre for development of advanced computing Noida) geçirilen “IOT-Zatlaryň Internetinde ýöriteleşdirilen programma” (Specialised programme on IoT-Internet of Things) atly hünär kämilleşdiriş okuw maslahatyna gatnaşdy.

12-nji martda jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, syýasy ylymlarynyň kandidaty D.Baýmyradow, şol kafedranyň mugallymy S.Kakajykow we psihologiýa kafedrasynyň mugallymy S.Geldiýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan geçirilen “Durmuş işi ugry boýunça okuwlaryň meýilnamasy, düzümi we okatmagyň usuly boýunça maslahat” atly duşuşygyna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

12-nji martda “Ýewraziýa we Afrika halklarynyň assambleýasy” hökümete degişli däl halkara bileleşiginiň wekiliýetiniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bu halkara bileleşigiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda “Ýewraziýa we Afrika halklarynyň assambleýasynyň günleri” çäresini geçirmek bilen bagly mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

9-12-nji martda Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Şensi prowinsiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary hanym Sin Şanpiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary meýilleşdirildi. Bu iş saparynyň çäklerinde wekiliýetiň düzüminde bolan Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory Sun Sinweý bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow we Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory Sun Sinweý wekilçilik edýän ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryna ylym-bilim babatynda hyzmatdaşlyk etmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallyk sözleri aýtdylar.

11-nji martda “Institut français” fransuz dili boýunça okuw merkezi tarapyndan Halkara Frankofoniýa güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän fransuz dili bäsleşiginiň çäklerinde Fransuz institutynyň wekilleri tarapyndan bäsleşigiň saýlama tapgyry Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi.

11-nji martda Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy Mihail Rahmanowyň alyp barmagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary üçin «Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň zenanlary goramak ugrunda alyp barýan işi we dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy gollamakda zenanlaryň orny» atly umumy okuw sapagy geçirildi. Umumy okuw sapagynda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary ykdysady syýasatynyň özeni bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyz abraýly halkara guramalary bilen ýola goýlan gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Okuw sapagynda Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berildi. Umumy okuw sapagyna gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar.

10-14-nji mart aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Hytaý Halk Respublikasynyň “HUAWEI” kompaniýasynyň guramagynda onlaýn görnüşinde geçirilen okuwlara gatnaşdylar.

2-10-njy mart aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar topary Albaniýa Respublikasynyň Korça şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 19-njy Günorta-Gündogar Ýewropa Matematika bäsleşigine (19th South Eastern European Mathematical Olympiad for Universiy Students, SEEMOUS - 2025) gatnaşyp, 1 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medallara mynasyp boldular.

7-nji martda gündogar dilleri kafedrasynyň mugallymlary B.Janalyýewa we J.Joraýewa Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran uniwersitetiniň ylmy geňeşiniň we Maşat şäheriniň geňeşiniň zenan agzalaryndan ybarat wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirilen “Zenanlaryň maşgalanyň binýadyny berkitmekdäki orny” atly duşuşyga gatnaşdylar.

6-njy martda maglumat ulgamlary we tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy B.Jumaýew Ýewropa okuw gaznasynyň “Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket” (DARYA) atly taslamasynyň çäginde mugallymlar üçin okatmagyň SCAFFOLD usulyýeti boýunça geçirilen “Infosessiýa” atly türkmenistanly pedagoglar üçin onlaýn duşuşyga gatnaşdy.

6-njy martda uniwersitetiň mugallymlary we talyplary Gyrgyz Respublikasynyň Ž.Balasagun adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetiniň guramagynda geçirilen “Türkologiki okaýyş” çäräniň ýapylyş dabarasyna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Bu çäräniň çäklerinde 2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty A.Şihnepesowyň alyp barmagynda türki ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň 16-synyň gatnaşmagynda “Magtymgulynyň älemi” atly leksiýa wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

5-nji martda jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, syýasy ylymlarynyň kandidaty D.Baýmyradow, şol kafedranyň mugallymy S.Kakajykow we psihologiýa kafedrasynyň mugallymy S.Geldiýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan geçirilen “Durmuş işi ugry boýunça okuwlaryň meýilnamasy, düzümi we okatmagyň usuly boýunça maslahat” atly duşuşygyna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.
Duşuşykda “Durmuş işi” ugry boýunça bilermenleri taýýarlamak bilen bagly çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň mugallymlar düzümi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işgärleri we bilermenleri üçin hünär ugrukdyryş okuw sapaklarynyň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy beýan edildi. Bu okuw sapaklaryň meýilnamasy, gatnaşyjylaryň düzümi, geçilmeli temalaryň tertibi we wagty kesgitlenildi.

28-nji fewralda 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli Halkara zähmet guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, Halkara zähmet guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa döwletleri üçin býurosynyň sebitleýin direktory Beata Andreýes bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Türkmenistan” teleýaýlymy tarapyndan “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis diliniň fonetikasy we leksikologiýasy kafedrasynyň mugallymy M.Maksadowa alyp bardy.

26-njy fewralda maglumat ulgamlary we tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy B.Jumaýew Ýewropa okuw gaznasynyň “Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket” (DARYA) atly taslamasynyň çäginde mugallymlar üçin okatmagyň SCAFFOLD usulyýeti boýunça geçirilen “Infosessiýa” atly tanyşdyryş çäresine wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

25-nji fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň psihologiýa kafedrasynyň mugallymy S.Ataýewa we Konstitusiýa hukugy kafedrasynyň mugallymy H.Handurdyýew Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada Neşe serişdeleriniň ýaýaramagynyň öňüni almak boýunça maksatnamasynyň (CADAP) çäklerinde “Arçabil” myhmanhanasynda geçirilen “Psihoaktiw serişdeleriň ulanylmagynyň öňüni almak, addiktologiýany bejermek we durmuş ýardamyny bermek barada okuw maksatnamasyny taýýarlamak” boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar.

24-nji ýanwar - 23-nji fewral aralygynda Russiýa Federasiýasynyň “ALGORITM” ylym-bilim merkezi tarapyndan guralan Rus dili boýunça “Ylmy sözleýşiň stilistikasy” atly halkara olimpiadasyna rus dili we edebiýaty kafedrasynyň mugallymy J.Şamyýewa wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyp, I-nji derejeli Diploma mynasyp boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ýokary şertleri döretmek, orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmek bilen baglanyşykly beren tabşyryklaryndan ugur alyp, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek maksady bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag merkezleri bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň 9-22-nji fewraly aralygynda maglumat ulgamlary we tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy Ýusup Nazarow Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk (ITEC) maksatnamasynyň çäklerinde Hindistan Respublikasynyň Deli şäherindäki Ýokary hasaplaýyş ösüş merkezinde (Centre for development of advanced computing, Delhi) geçirilen “Jogapkärli emeli aň boýunça sertifikatlaşdyrylan okuwlaryna (Certificate course in responsible artificial intelligence)” gatnaşdy.

27-nji ýanwary - 8-nji fewraly aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Kazan federal uniwersiteti tarapyndan guralan “МагистриУм” atly olimpiadasyna rus dili we edebiýaty kafedrasynyň mugallymy J.Şamyýewanyň ýolbaşçylygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary onlaýn arkaly gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

19-njy fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki “Medeni miras: geçmişden gelege” ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri B.Diwangulyýewa Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherindäki UNITWIN/UNESCO kafedralarynyň maksatnama topary tarapyndan medeni mirasy ösdürmekde hem-de durnukly ösüşiň tehnologiýalary barada wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen seminaryna diňleýji hökmünde gatnaşdy.

18-nji fewralda 2024-2025-nji ýyllar üçin Ýaş ilçi, iňlis dili we edebiýaty hünäriniň 3-nji ýyl talyby B.Abaýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary Kommissarynyň Müdirliginiň (OHCHR) Adam hukuklary boýunça geňeşiniň we şertnamalaýyn edaralaryň işini üpjün etmek boýunça departamentiniň ýolbaşçysy jenap Mahamane Sisse-Guronyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda geçirilen duşuşyga gatnaşdy.

12-nji fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki “Medeni miras: geçmişden gelege” ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri B.Diwangulyýewa Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherindäki UNITWIN/UNESCO kafedralarynyň maksatnama topary tarapyndan medeni mirasy ösdürmekde hem-de durnukly ösüşiň tehnologiýalary barada wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen seminaryna diňleýji hökmünde gatnaşdy.

11-nji fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri Beýik Britaniýanyň “University of St Andrews” ýokary okuw mekdebi bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyga gatnaşdylar. Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri hem gatnaşdylar. Duşuşykda “University of St Andrews” ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

10-12-nji fewraly aralygynda psihologiýa we jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymlary hem-de durmuş işi taýýarlyk ugrunyň 1-2-nji ýyl talyplary UNICEF-iň durmuş işi boýunça halkara derejeli maslahatçysy, Tbilisi döwlet uniwersitetiniň dosenti, durmuş işi boýunça bakalawr maksatnamasynyň ýolbaşçysy doktor Salome Namiçeişwiliniň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde halkara bilermeniň gatnaşmagynda geçirilen durmuş işi boýunça II ýarymýyllykda okadyljak dersler boýunça mugallymlar bilen treninglera we mugallymlar hem-de talyplar bilen bilelikdäki okuwlara gatnaşdylar.

10-njy fewralda maglumat ulgamlary we tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymlary B.Jumaýew we R.Myradow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň guramagynda Aşgabat şäherindäki Döwlet Medeniýet Merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanda Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (ITEC) güni mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdylar.

Gidrometeorologiýa kafedrasynyň müdiri, geografiýa ylymlarynyň kandidaty G.Hamraýew Russiýa Federasiýasynyň Tebigy Ylymlar Akademiýasy tarapyndan geçirilen «ЭкоМир - 2024» atly halkara ekologik bäsleşigine “Çöl meýdanlarynda çägäniň ýeliň täsirinde süýşmegini matematiki hasaplamagyň we ony berkitmegiň usullary” atly taslamasy bilen gatnaşyp, üçünji derejeli laureatlyk diplomyna we bäsleşigiň medalyna mynasyp boldy.
7-nji fewralda G.Hamraýew bäsleşigiň netijelerini jemlemek boýunça geçirilen dabara wideoaragatanşyk arkaly gatnaşdy.

5-nji fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki “Medeni miras: geçmişden geljege” ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri B.Diwangulyýewa, kafedra agza mugallymlar we talyplar 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň ÝUNESKO kafedralarynyň, klublarynyň, Assosirlenen mekdepleriniň toruna agza mekdepleriniň guramagynda“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň bähbidine hyzmatdaşlyk” atly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdylar.

4-nji fewralda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hünär derejesini ýokarlandyryş bölüminiň esasy hünärmeni S.Haýytgulyýew, pedagogika kafedrasynyň mugallymy M.Hudaýberdiýew şeýle hem roman-german dilleri kafedrasynyň mugallymy M.Nazarowa Ýewropa okuw gaznasynyň “Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket” (DARYA) taslamasynyň bilermenleri bilen geçirilen duşuşyga wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

29-30-njy ýanwarda 2024-2025-nji ýyllar üçin Ýaş ilçi, iňlis dili we edebiýaty hünäriniň 3-nji ýyl talyby B.Abaýewa Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (OSCE) tarapyndan Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhamanhanasynda geçirilen “Geljegiň damjalary: suw, energetika we azyk howpsuzlygynyň arabaglanyşygy” atly ýaşlaryň sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdy.

28-nji ýanwarda gidrometeorologiýa kafedrasynyň uly mugallymlary S.Hümmedow, Ý.Garajaýew we E.Gurbandurdyýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Gidrometeorologiýa baradaky Türkmenistanyň kanunyny durmuşa geçirmekdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň gidrometeorologiýa gullugynyň binasynda geçirilen tegelek stola gatnaşdylar.

28-nji ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Beýik Britaniýanyň Daşary ýurtdaky meýletinçilik gullugynyň (VSO) Global tehniki ýolbaşçysy Kumar Şrestan we Global tejribe ýolbaşçysy Joýs Leýker bilen uniwersitetiň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

24-nji ýanwarda psihologiýa kafedrasynyň mugallymy S.Ataýewa we Konstitusiýa hukugy kafedrasynyň mugallymy H.Handurdyýew Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) wekilleri bilen geçirilen iş duşuşygyna gatnaşdylar.

13-21-nji ýanwar aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby H.Myratgeldiýewa Ýaponiýanyň Tokio şäherinde bu ýurduň “MIRAI” okuw maksatnamasynyň “Kanunyň hökmürowanlygy” ugry boýunça geçirilen gysga möhletli okuwlara gatnaşdy.

21-nji ýanwarda Uniwersitetleriň Halkara Assosiasiýasynyň (IAU) agzalygynyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis diliniň stilistikasy we grammatikasy kafedrasynyň mugallymy S.Annagulyýew we maglumat ulgamlary we tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy B.Jumaýew bu Assosiasiýanyň “Ýokary bilimiň geljegi” atly webinarlar toplumynyň “Gowşak kesgitlenen düşünjeler: jogapkärçilikli halkaralaşma meselesi” atly webinaryna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

21-nji ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory bilen Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň professorlary Endrýu Lin we Anastasiýa Bezborodowanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk babatynda duşuşyk geçirildi.

21-nji ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Kalmyk döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliniň gatnaşmagynda bilelikde hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

20-21-nji ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň mugallymlary we talyplary Westminster uniwersitetiniň professorlary Endrýu Liniň we Anastasiýa Bezborodowanyň gatnaşmagynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen hünär kämilleşdiriş okuw-maslahatyna gatnaşdylar.

14-nji ýanwarda italýan dili mugallymlary hem-de italýan dili we edebiýaty hünäriniň talyplary Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara gatnaşyklar ministriniň orunbasary E.Çirielliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň dowamynda guralan duşuşyga gatnaşdylar.

14-nji ýanwarda ekologiýa kafedrasynyň mugallymy S.Hudaýnazarow Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň “Türkmenistanda uýgunlaşmagyň meýilnamalaşdyrylyşynyň milli prosesiniň ösüşi” atly taslamanyň çäginde UNDP-niň halkara bilermeni Iwan Filýutiçiň Türkmenistana iş saparynyň dowamynda guralan tegelek stola gatnaşdy.

13-17-nji ýanwar aralygynda iňlis diliniň stilistikasy we grammatikasy kafedrasynyň mugallymlary A.Jeýhunow we A.Annadurdyýewa, iňlis diliniň fonetikasy we leksikologiýasy kafedrasynyň mugallymy J.Atamyradowa we M.Maksadowa hem-de daşary ýurt dilleri kafedrasynyň mugallymy K.Hangulyýew ABŞ-nyň “Iňlis dili hünärmeni” atly maksatnamasynyň (ELSPEC) çäklerinde ABŞ-nyň Nýu-Ýork uniwersitetiniň professory Bet Klark-Garekanyň ýurdumyza saparynyň dowamynda orta we ýokary okuw mekdepleriniň iňlis dili mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin geçirilen okuw sapaklaryna gatnaşdylar.

8-12-nji ýanwar aralygynda iňlis diliniň stilistikasy we grammatikasy kafedrasynyň mugallymy G.Döwletow Beýik Britaniýanyň Britan Geňeşi tarapyndan ýokary okuw mekdepleriň tejribeli iňlis dili hünärmenleri üçin Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşdy.

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň 2025-nji ýylyň 4-nji ýanwaryndaky 366 belgili haty esasynda rektor O.Öwezsähedow Türkmenistanyň Bilim ministliginde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Bilim boýunça geňeşçisi M.Kirazoglu geçirilen bilen duşuşyga gatnaşdy.

28-nji dekabrda gündogar dilleri kafedrasynyň mugallymlary A.Allagulyýew, Ş.Kadyrowa, K.Çaryýewa we N.Hezziýewa hem-de hytaý dili we edebiýaty hünäriniň 2-nji ýyl talyby O.Allanurowa Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Täze ýyl baýramy mynasybetli “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan “Hytaýyň tagamlaryndan lezzet almak - Medeniýetiň özüneçekijiligini gözlemek” atly çäresine gatnaşdylar.

23-nji dekabrda Konstitusiýa hukugy kafedrasynyň uly mugallymy S.Goçumowa Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan “Arçabil” myhmanhanasynda geçirilen “Halkara ynsanperwer hukugynyň ösüşiniň hem-de onuň kadalaryny milli derejede ornaşdyrmagyň wajyp meseleleri boýunça” atly informasion-amaly seminaryna gatnaşdy.

23-nji dekabrda Türkmenistanyň we Somali Federatiw Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda daşky gurşawy goramak we suw diplomatiýasyna bagyşlanan duşuşyga ekologiýa kafedrasynyň müdiri, Ýewropa Komissiýasynyň Erasmus+ maksatnamasynyň çäginde durmuşa geçirilýän “Merkezi Aziýada howa durnuklylygyny we howpsuzlygy üpjün etmek üçin suw pudagynda ýokary bilimi pugtalandyrmak” (HWCA) atly taslamasynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti boýunça utgaşdyryjysy Ş.Aşyrmyradowa “Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakda ýokary bilimiň we halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti” we gidrometeorologiýa kafedrasynyň müdiri, geografiýa ylymlarynyň kandidaty G.Hamraýew “Günbatar Türkmenistanyň aklaň çägeleriniň hereketiniň öwrenilişi” atly temalar bilen wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

14-20-nji dekabr aralygynda geografiýa kafedrasynyň mugallymy J.Gylyçlyýew ABŞ-nyň “C5+Opening Networks in English” (C5+ONE) maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen “Geljege bilelikde gadam basmak: Merkezi Aziýa we ABŞ” atly sebitleýin maslahatyna gatnaşdy.

30-njy noýabr - 22-nji dekabr aralygynda okuw bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji B.Annagylyjow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň “Halkara okuw sapary” atly maksatnamasynyň (IVLP) çäklerinde ýokary okuw mekdeplerini dolandyrmak boýunça ABŞ-a tanyşlyk saparyna gatnaşdy.

18-nji dekabrda Gyrgyz Respublikasynyň Ž.Balasagun adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetiniň guramagynda, türki ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň 16-synyň gatnaşmagynda “Türkologiki okaýyşyň” çäklerinde türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty A.Şyhnepesowyň alyp barmagynda “Magtymgulynyň älemi ýa-da Türki dünýäsiniň beýik akyldary we gündogaryň görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi” atly leksiýa göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

13-nji dekabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan hytaý diliniň öwredilişine ýardam bermek maksady bilen, Ilçihananyň wekilleriniň gatnaşmagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuw gollanmalarynyň we kitaplaryň sowgat hökmünde gowşurylyş dabarasy geçirildi.

13-nji dekabrda psihologiýa kafedrasynyň mugallymy S.Ataýewa we Konstitusiýa hukugy kafedrasynyň mugallymy H.Handurdyýew Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Türkmenistandaky edarasy tarapyndan BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda gecirilen UNODC-yň wekilleri bilen iş duşuşyga gatnaşdylar.

10-11-nji dekabrda hukuk fakultetiniň mugallymy we talyplary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş baradaky agentliginiň “Türkmenistanda dolandyryş işi” atly taslamasynyň çäklerinde “Täjirçilik we maýa goýum arbitražy” atly garyşyk görnüşindäki okuw maslahatyna gatnaşdylar.

10-njy dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri B.Diwangulyýewa, Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallymy M.Mommaliýewa hem-de taryh fakultetinden ÝUNESKO kafedrasynyň işjeň talyplary Z.Ýusubowa, M.Sopytaganowa, Ö.Aşyrmämmedow we N.Maksadow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň guramagynda Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen “Dünýä medeniýeti” atly döredijilik festiwalyna gatnaşdylar.

11-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy D.Baýmyradow we şol kafedranyň mugallymy S.Kakajykow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan geçirilen Durmuş işinde çagalar we maşgalalar bilen aragatnaşygy we söhbetdeşligi ýola goýmagyň esaslary boýunça okuw maslahatynyň jemleýji sapagyna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

9-10-njy dekabrda 2024-2025-nji ýyllar üçin Ýaş ilçi, iňlis dili we edebiýaty hünäriniň 3-nji ýyl talyby B.Abaýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary Kommissarynyň Müdirligi (OHCHR) tarapyndan BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda geçirilen Adam hukularyny goramak boýunça halkara güni mynasybetli ýaşlar üçin okuw maslahatyna gatnaşdy.

5-nji dekabrda ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary we talyplary “Ýokary bilimde Erazmus+ maksatnamasynyň potensialyny ýokarlandyrmak barada maglumat güni (CBHE)” atly geçirilen seminaryna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

5-nji dekabrda “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen W.M.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň” çäklerinde Dünýä taryhy kafedrasynyň mugallymy P.Durdygylyjow daşary ýurt hyzmatdaş ýokary okuw mekdebiniň Aziýa we Afrika ýurtlarynyň taryhy institutytnyň guramagynda geçirilen “Aziýa we Afrika ýurtlarynyň dünýä ykdysadyýetinde barha artýan orny we halkara ykdysady gatnaşyklar” atly halkara ylmy maslahatyna “Ýewraziýanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşinde Türkmenistanyň orny” atly ylmy nutuk bilen wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

4-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy D.Baýmyradow we şol kafedranyň mugallymy S.Kakajykow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan geçirilen “Durmuş işinde çagalar we maşgalalar bilen aragatnaşygy we söhbetdeşligi ýola goýmagyň esaslary boýunça okuw maslahatyna” wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

3-6-njy dekabr aralygynda hukuk fakultetiniň mugalllymlary we talyplary Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen “Jenaýat hukuk ulanyşynda adam hukuklary boýunça halkara standartlarynyň berjaý edilişi” atly okuw maslahatyna gatnaşdylar.

25-nji noýabr - 3-nji dekabr aralygynda matematiki analiz kafedrasynyň mugallymy A.Ýollyýew we ýokary okuw mekdebimiziň talyplar topary Russiýa Federasibasynyň Patris Lumumba adyndaky Halklaryň dostlugy uniwersitetiniň guramagynda ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda Moskwa şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasyna (RUDN MATH OLYMP-2024) gatnaşyp, 1 sany altyn, 1 sany kümüş we 2 sany bürünç medallaryna mynasyp boldular. Olimpiadanyň dowamynda geçirilen “Iň gowy mesele düzmek” bäsleşiginde matematika hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ş.Nurjanowa Baş baýraga mynasyp boldy.
