HIMIÝA BOÝUNÇA II HALKARA INTERNET OLIMPIADASYNYŇ
N E T I J E S I
2023-nji ýylyň 14-17-nji noýabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Himiýa dersi boýunça II Halkara internet olimpiadasy geçirildi. Olimpiada ýurdumyzyň 19 sany ýokary okuw mekdeplerinden 169 sany talyplar bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň 23-siniň ýokary okuw mekdeplerinden, ýagny, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Pakistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Ermenistanyň, Slowakiýanyň, Çehiýanyň, Günorta Koreýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Wengriýanyň, Daniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Şri-Lankanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Awstriýanyň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň 57-sinden talyplaryň 371-si gatnaşdy.
Olimpiada himiýa ugurly hünärlerde okaýan talyplaryň arasynda A derejede boýunça, beýleki hünärlerde okaýan talyplaryň arsynda bolsa B dereje boýunça geçirildi.
Olimpiadanyň A we B derejeler boýunça baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplaryň sanawyny we toparlaýyn bäsleşigiň ýeňijilerini aşakdaky resminalardan görüp bilersiňiz.