ERASMUS+
633Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ekologiýa kafedrasy tarapyndan ýerine ýetirilýän ERASMUS+ maksatnamasynyň “Merkezi Aziýada howa durnuklylygy we howpsuzlygy üçin suw pudagynda ýokary bilimi pugtalandyrmak” (HWCA) taslamasynyň gysgaça beýany
Ýewropa Komissiýasynyň Erasmus+ maksatnamasynyň çäginde durmuşa geçirilýän HWCA «Merkezi Aziýada howa durnuklylygy we howpsuzlygy üçin suw pudagynda ýokary bilimi pugtalandyrmak» taslamasynyň çäginde geografiýa fakultetiniň ekologiýa kafedrasynda ylmy-barlag we okuw işini ýokarlandyrmak, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, suw diplomatiýasy we suw baýlyklaryny dolandyrmak boýunça täze okuw derslerini girizmek, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy we beýleki ylmy edaralar bilen ylmy-barlaglary alyp barmak boýunça işler durmuşa geçirilýär.
Taslamanyň umumy maksady: Ýewropa Bileleşiginiň uniwersitetleriniň ýardam bermegi bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň suw pudagynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly sebitde ýüze çykýan ekologiýa meseleleri çözmäge ukyply bolan döwrebap hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.
Bu maksatdan ugur alyp, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň ekologiýa kafedrasynda degişli taslamanyň çäginde indiki işler meýilleşdirilýär:
• suw baýlyklaryny dolandyrmak we suw diplomatiýasy boýunça ylmy-barlag we okuw işlerini döwrebaplaşdyrmak;
• bu ugurda okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek;
• suw diplomatiýasy we suw baýlyklaryny dolandyrmak boýunça birnäçe täze okuw derslerini girizmek;
• Ýewropa ýurtlarynyň abraýly ýokary okuw mekdeplerine mugallymlary we talyplary gysga möhletli hünär kämilleşdiriliş okuwlaryna ibermek;
• mugallymlaryň daşary ýurt dillerini okatmagyň innowasion usullaryny we dil başarnyklaryny kämilleşdirmek;
• suw baýlyklaryny dolandyrmak we suw diplomatiýasy boýunça Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki halkara tejribäni öwrenmek.

Taslama boýunça hyzmatdaş ýokary okuw mekdepler: Bu taslama Ýewropa Bileleşiginiň 3 we Merkezi Aziýa döwletleriniň 12 sany abraýly ýokary okuw mekdepleri we ylmy edaralary gatnaşýarlar. Olaryň hataryna indiki ýokary okuw jaýlar girýär.
1. Gyrgyzystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Kazy Dikambaýew adyndaky Diplomatik Akademiýasy (Bişkek, Gyrgyzystan Respublikasy);
2. IHE Delft suw bilim instituty (Delft, Niderlandlar Patyşalygy);
3. Bergamo uniwersiteti (Bergamo, Italiýa);
4. Reýms, Şampan-Ardenne uniwersiteti (Reýms, Fransiýa);
5. Gazak-nemes uniwersiteti (Almaty, Gazagystan Respublikasy);
6. Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet dolandyryş akademiýasy (Astana, Gazagystan Respublikasy);
7. S.Seýfullin adyndaky Gazak agrotehnika ylmy-barlag uniwersiteti (Astana, Gazagystan Respublikasy);
8. M.H.Dulaty adyndaky Taraz sebitleýin uniwersiteti (Taraz, Gazagystan Respublikasy);
9. Gyrgyz milli agrar uniwersiteti (Bişkek, Gyrgyzystan Respublikasy);
10. Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet dolandyryş akademiýasy (Duşanbe, Täjigistan Respublikasy);
11. Şirinşoh Şahtemur adyndaky Täjik agrar uniwersiteti (Duşanbe, Täjigistan Respublikasy);
12. Türkmenistanyň oba hojalyk instituty (Daşoguz, Türkmenistan);
13. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Aşgabat, Türkmenistan);
14. Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy instituty (Daşkent, Özbegistan Respublikasy);
15. Daşkent suwaryş we oba hojalygyny mehanizasiýa inženerleri milli ylmy-barlag uniwersiteti (Daşkent, Özbegistan Respublikasy).