Biologiýa fakulteti

578

Fakultet 1931-nji ýylda esaslandyrylan.

Fakultetde botanika, zoologiýa, psihologiýa kafedralary hereket edýär, olarda biologiýa we psihologiýa hünärleri boýunça  hünärmenler taýýarlanylýar.

Fakultetde okuw-terbiýeçilik işleri bilen bir hatarda dürli ugurlar boýunça ylmy-barlag işler alnyp barylýar.

Botanika kafedrasynda professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda “Aşgabadyň çäginde duş gelýän tebigy we medeni ösümlikleri”, “Gündogar Köpetdagyň  florasy”; “Günorta-Gündogar Garagumyň florasy”, “Ýokary bilim ulgamynda ornaşdyrylyp bilinjek täze tehnologiýalary”, “Adam saglygyna zyýan berýän mör-möjeklere garşy göreşmekde narpyzyň ähmiýeti” ýaly ylmy temalaryň üstünde işlenilýär.

Fakultetiň zoologiýa kafedrasynda halypa mugallymlaryň, ýaş mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda “Urbanizirlenen landşaftlarda guşlaryň ekologik hem-de etologik uýgunlaşmalary”, “Aşgabat şäheriniň guşlarynyň ekologik aýratynlyklary”, “Ýurdumyzda duş gelýän sülgünler maşgalasynyň wekilleriniň ekologik aýratynlyklary”; “Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitleriniň ornitofaunasy”, “Medeni landşaftlardaky toprak sakyrtgalarynyň dürlüligi we topraga edýän täsiri”, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň we şor suw akabalarynyň ihtiofaunasyny öwrenmekligiň meseleleri”, “Hrizominidler maşgalasynyň bioekologik aýratynlyklary” ýaly ylmy temalardan ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Psihologiýa kafedrasynda professor-mugallymlar tarapyndan “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe talyp ýaşlaryň okuw-terbiýeçilik işini döwrebap guramagyň psihologik meseleleri” atly ylmy temadan ylmy-barlag işler ýerine ýetirilýär.

Fakultetiň uçurymlaryna biologiýa we psihologiýa hünärleri boýunça degişlilikde “biolog, mugallym”, “psiholog, mugallym” kärleri berilýär. Uçurymlar okuwy tamamlanlaryndan soňra bilim edaralarynda, ylmy-barlag institutlarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekip bilýärler.

Paýlaş

Okuw

Fakultet 1931-nji ýylda esaslandyrylan.Fakultetde botanika, zoologiýa, psihologiýa kafedralary hereket [...]

Matematika fakulteti

Fakultet 1931-nji ýylda esaslandyrylan.Fakultetde botanika, zoologiýa, psihologiýa kafedralary hereket [...]

Fizika fakulteti

Fakultet 1931-nji ýylda esaslandyrylan.Fakultetde botanika, zoologiýa, psihologiýa kafedralary hereket [...]

Himiýa fakulteti

Geografiýa fakulteti

Fakultet 1931-nji ýylda esaslandyrylan.Fakultetde botanika, zoologiýa, psihologiýa kafedralary hereket [...]

Taryh fakulteti

Fakultet 1931-nji ýylda esaslandyrylan.Fakultetde botanika, zoologiýa, psihologiýa kafedralary hereket [...]

Hukuk fakulteti

Fakultet 1931-nji ýylda esaslandyrylan.Fakultetde botanika, zoologiýa, psihologiýa kafedralary hereket [...]

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
(12) 94-67-30 / 94-61-59
Email:
tdu@online.tm