Iňlis dili we edebiýaty fakulteti

13733


1959-njy ýylda daşary ýurt dilleri we edebiýaty fakulteti döredilýär, 2019-njy ýylda onuň binýadynda özbaşdak iňlis dili we edebiýaty fakulteti esaslandyryldy.

Fakultetde iňlis diliniň fonetikasy we leksikologiýasy, iňlis diliniň stilistikasy we grammatikasy, daşary ýurt dilleri kafedralary hereket edýär, olarda iňlis dili we edebiýaty hünäri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Iňlis dili we edebiýaty hünärinde okaýan talyplara ikinji daşary ýurt dili hökmünde nemes we fransuz dilleri öwredilýär.

Fakultetde professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyplaryň işjeň gatnaşmaklarynda deňeşdirme dil biliminiň taryhy we tipologiýasy; iňlis dilinde ýaýraň sözlemiň gurluşyny derňemek; işlik görnüşleriniň ulanylyşyny görkezmek; iňlis we türkmen dillerinde basymyň gurluşynyň degşirme barlagyny alyp barmak; iňlis we türkmen dillerinde goşma işlikleriň derňewini geçirmek; iňlis we türkmen dillerinde sözlük düzümüniň baýlaşmagynyň usullaryny kesgitlemek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň professor-mugallymlary daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek üçin okatmagyň öňdebaryjy usulyýetiniň we usullarynyň halkara tejribesini öwrenmek, daşary ýurt dillerinde elektron sözlükleri taýýarlamak, daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça taýýarlanýan okuw kitaplaryny hem-de okuw gollanmalaryny kämilleşdirmek, daşary ýurt dillerinde türkmen halk ertekileri boýunça kitapçalary taýýarlamak, daşary ýurt dillerini okadýan  mugallymlaryň usulyýet maslahatlaryny geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Fakultetiň uçurymlaryna “filolog, mugallym” käri berilýär. Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra bilim edaralarynda, ylmy-barlag institutlarynda, medeniýet ulgamynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we beýleki döwlet edaralarynda hem-de jemgyýetçilik guramalarynda işläp bilýärler.


Paýlaş

Okuw

1959-njy ýylda daşary ýurt dilleri we edebiýaty fakulteti döredilýä [...]

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30