Ýaş alymlar we hünärmenler geňeşi
7605“Onlaýn okuw sapaklary üçin “Elektron depder” web programmasy” atly işi arkaly onlaýn usulynda okuw sapaklaryny geçmek üçin internetde elektron depder ulanmak göz öňünde tutulýar we bu elektron depder birnäçe bölümden ybarat bolup, talyplar ähli sapak ýazgylaryny oňa belläp, islendik wagtda ondan peýdalanyp bilýärler. “Nyzam web programmasy” - bu taslama işi arkaly elektron web sahypanyň üsti bilen hasabat almagyň mümkinçilikleri, ýagny sapaga gatnaşygy, tertip-düzgün we ş.m talaplar aýratyn bellik atly bölümde ýerleşdirilen.
Matematika fakultetiniň matematika hünäriniň talyplary tarapyndan Microsoft Wisual C++ üsti bilen taýýarlanylan “Wisual С++ programmalaşdyrmak dilinde programmanyň taýýarlanylyşy” atly taslama programmany işläp taýýarladylar, şeýle hem, ylym-bilim ulgamynda orta mekdeplerde, ýokary okuw mekdepleriniň okuw sapaklarynda, himiýa otaglarynda Mendeleýewiň elementleriniň periodik sistemasyny interaktiw multimedia taýdan sanlaşdyrmak usulynda ulanmagy ýola goýdular.
Fizika fakultetiniň radiofizika we elektronika hünäriniň talyplary tarapyndan taýýarlanylan “Tokly basançak” atly taslamanyň üsti bilen elektrik energiýasyny ätiýaçly ulanmagyň ýollary salgy berilýär; “Içki tor web sahypasy” atly taslama işi arkaly ýokary okuw mekdebimiziň fakultetleri barada maglumatlar, resminamalar, elektron gollanmalar, sapak ýazgylary web sahypada “Sublime Text3” programmanyň kömegi bilen ýazylandyr; “Suwag işlerini awtomatlaşdyrmak” taslama işiniň üsti bilen talyplar tarapyndan döredilen “Tijen” atly guralyň suwag işlerini çaltlaşdyrmga, ýere beton guýmaga, diwarlara reňk çalmaga ukyplydyr. Bu gural adamyň el güýjüni wagtyny tygşytlaýar. “Kagyz galyndylaryny gaýtadan işlemek, ondan agaja kybapdaş material almak” atly ylmy işiň üsti bilen kagyz galyndylaryny gaýtadan işlemegiň esasynda gaty materialyň nusgasyny almak şäherlerde we ilatly ýerlerde arassaçylygy üpjün etmek, elektron keramiki çaga oýnawaçlaryny gaplamak üçin niýetlenen gaplary taýýarlamaklyk göz öňünde tutulýar. “Goşa gysgyç” atly taslamanyň üsti bilen funksional mümkinçiliklerini köpeltmek we kämilleşdirmek esasynda ulanylýan kagyzlary ykjam ulanmak maksady bilen gysgyjyň täze konstruksiýasy oýlap tapyldy.
Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň iňlis dili we edebiýaty hünäriniň “Dil bilen dünýäni gezer” atly taslama işiniň üsti bilen ösüşiň täze basgançagyna geçmegiň ugurlaryny salgy berýän iňlis dilini öwretmegiň ýollaryny kämilleşdirmek, iňlis dilini milli terbiýäniň üsti bilen öwretmek, terjimäniň üsti bilen türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny, gymmatlyklaryny dünýä ýaýmagyň ýollary salgy berilýär. “Diller dünýä ýol açýar” taslamanyň üsti bilen Italiýa döwletinde ýerleşdirilen taryhy binanyň kiçi ölçegli 1 makedi döredilen. “Akpamyk” türkmen halk ertekisiniň dürli dillere terjimesiniň elektron görnüşi atly taslama işi arkaly mugallymdyr talyplar türkmen halkynyň däp-dessurlaryny dünýä tanatmak bilen çäklenmän, eýsem, terjimeçiligiň inçe syrlaryny-da açyp görkezmegi başarypdyrlar.
“Potala köşgi Hytaý binasy” atly taslamanyň üsti bilen Hytaý ýadygärligi barada bolan Potala köşgi atly bina taslama işi hökmünde çykyş etdi, onuň özboluşly taraplary açylyp görkezildi. “Noýşwanştaýn” nemes taryhy binasyny, “Türmen-italýan dostlugy” atly maket taslamalarynyň esasy maksady ýaşlaryň diňe bir daşary ýurt dillerini öwrenmän, eýsem öwrenilýän daşary ýurt diliniň ýurdunyň taryhy, tebigaty bilen tanyşmakdan ybaratdyr.
Geografiýa hünäriniň talyplary tarapyndan “Mikrokomponentli gumin dökünleri taýýarlamak we oba hojalygynda peýdalanmak” işiniň üsti bilen goňur kömür bilen kaliý gidroksidinden täze gumin dökünini döredip, ekerançylykda alynýan önümleriň hilini ýokarlandyrmak we ösümlikleriň hasyllylygyny artdyrmak işi ýola goýlandyr.
“Sas.planeta programma üpjünçiliginiň kömegi bilen bag ýerleriniň maglumatlar binýadyny döretmek” emeli hemralardan alnan ýokary hilli suratlar esasynda ýer üstüne gözegçilik etmek, kartalaryň birnäçe görnüşleri boýunça ugur kesgitlemek we käbir ölçeg usullaryny amala aşyrmak mümkinçiligi döredilendir.
Taryh fakultetiniň taryh hünäriniň talyplary tarapyndan “Muhammet ibn Zeýdiň aramgähi” atly taslama işi arkaly Muhammet ibn Zeýdiň aramgähini häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanyp, ýadygärligiň taslamasy dikeldildi we onuň kömegi bilen binanyň binagärçilik aýratynlyklaryna syn etmeklik ýüze çykaryldy.
“Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygyň we abadançylygyň girewidir” atly taslama işi ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň dabaralanmasyny görkezýän binalar toplumyny çeper suratlandyrylypdyr; “Türkmen däp-dessurlarynda milli oýunlaryň terbiýeçilik ähmiýeti” atly taslama işiniň üsti bilen türkmen milli oýunlarynyň ýitip barýan görnüşlerini peýdalanyp, çagalary, ýaşlary olaryň üsti bilen terbiýelemegiň ýollary salgy berilýär; “Sanly bilim ulgamyndan peýdalanyp, taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň öwrenilişi” atly taslama işiniň üsti bilen Daýahatynyň kerwensaraýlarynyň, Muhammet ibn Zeýdiň we Alamberdar han aramgähleriniň, Meleheýran taryhy-medeni ýadygärlikleriniň taslamasy häzirki zaman tehnologiýasyndan peýdalanyp, üç ölçegli elektron görnüşde dikeldildi.
Hukuk fakultetiniň talyplary tarapyndan “Gözegçilik edýäniň hukuklaryny giňeltmek maksady bilen kafe, restoran we naharhana programma üpjünçiligi” atly taslama işiniň üsti bilen hukuk goraýjylaryň işini ýeňilleşdirmek maksady bilen ýurdumyzdaky ähli kafe, restoran we naharhanalarda programma üpjünçiligini ornaşdyrmagyň ýollary salgy berilýär.
Ýokarda görkezilen taslamalar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.