Okuw
16383Uniwersitetde web tehnologiýalary arkaly Moodle bilim portaly, talyplaryň bilimlerini barlamak üçin elektron testirleýji programma üpjünçilikleri hem-de sapaklaryň elektron tekst we wideo ýazgylaryny dolandyrmakda maglumat gorlary döredildi. Bu bolsa okuw işini awtomatlaşdyrmak, innowasion sanly serişdeler arkaly hünär derejesini kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýokary tizlikli internetiň we lokal toruň birikdirilmegi netijesinde, uniwersitetde sanly bilim ulgamy giňden ornaşdyrylýar hem-de uzak aralykdan sapaklar, wideo şekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.
Fakultetlerde daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti boýunça halkara tejribeler öwrenilip, okuw meýilnamalary we maksatnamalary kämilleşdirilýär, okuw kitaplary, gollanmalar we sözlükler neşir edilýär. Şonuň ýaly-da, daşary ýurtlardan professor-mugallymlary çagyrmak, uniwersitetiň mugallymlaryny we talyplaryny hünär kämilleşdiriş okuwlaryna ibermek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mugallymlar daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýetiniň halkara tejribesini öwrenmek maksady bilen döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ylmy-usuly maslahatlarda öz nutuklary bilen çykyş edýärler we okatmagyň dürli usullary boýunça öz tejribelerini kämilleşdirýärler.
“Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” we bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işlerini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda bilim bermegiň täzeçil ylmy usulyýeti ýokary okuw mekdebinde geçilýän ähli sapaklarda talyplaryň aň-bilim, akyl ýetiriş mümkinçilikleri üçin ýokary derejede ulanylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň hoşniýetli daşary syýasaty esasynda uniwersitetiň talyplary daşary ýurtlarda dürli dersler boýunça geçirilýän halkara olimpiadalara hem yzygiderli gatnaşýarlar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Russiýa Federasiýasynda, Belarus Respublikasynda, Özbegistan Respublikasynda, Gresiýada, Bolgariýada, Ysraýylda, Rumyniýada, Eýran Yslam Respublikasynda we beýleki ýurtlarda geçirilýän halkara ders, taslama we internet olimpiadalaryna yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.