Hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti
9340Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda 2012-nji ýylyň aprel aýynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti döredilip, bu fakultetde her ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň 1000-den gowragy hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler. Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynda mugallymlar okatmagyň häzirki döwre laýyk täze usullaryny özleşdirýärler, öz hünär bilimlerini we endiklerini kämilleşdirýärler. Olar bilim bermegiň halkara tejribesiniň häzirki zaman gazananlaryny hasaba almak bilen hünär bilimleriniň derejesini ýokarlandyrýarlar, ylymda, tehnikada we tehnologiýalarda degişli ugurlarda ýetilen sepgitler barada täze ylmy maglumatlary öwrenýärler.
Fakultetde uniwersitetiň tejribeli professor-mugallymlary ýörite düzülen okuw meýilnamalary esasynda durmuş-ynsanperwerlik, pedagogikanyň we psihologiýanyň esaslary derslerinden, häzirki zaman kompýuter-maglumat tehnologiýalary we kompýuterleşdirme, sanly elektron okuw tehnologiýalaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri boýunça temalar toplumyndan, ýokary okuw mekdeplerinde ylmy işleri ýerine ýetirmek we talyplary ylmy işlere çekmegiň usullary boýunça sapaklary geçýärler.
Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwynyň esasy maksady ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdeplerinde okuwyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirilmeginden, bilimiň hiliniň düýpli ýokarlandyrylmagyndan ybarat.