Geografiýa fakulteti
13005Fakultet 1931-nji ýylda esaslandyrylan.
Fakultetde geografiýa, ekologiýa, gidrometeorologiýa, kartografiýa kafedralary hereket edýär, olarda geografiýa, ekologiýa, meteorologiýa, kartografiýa hünärleri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.
Fakultetde Türkmenistanyň Köpetdag dag etekleriniň häzirki ekologiki ýagdaýyny öwrenmek; tebigy şertleriň düzüji böleklerine, antropogen täsirlere sezewar bolan ýerlere baha bermek; dag etek sebitiniň topragynyň radionuklid düzümini we udel işjeňligini bahalandyrmak; toprak üstüniň gamma şöhlelenmesini öwrenmek; landşaftlary emele getiriji tebigy komponentleriň häsiýetlerini geografiki nukdaýnazardan öwrenmek meseleleri babatynda ylmy-barlag işler alnyp barylýar. Şeýle-de, Türkmenistanda ekosyýahatçylygy ösdürmegiň tebigy we durmuş-ykdysady şertlerini, Watanymyzyň dürli sebitleri boýunça syýahatçylygy guramagyň mümkinçiliklerini öwrenmek; ýurdumyzyň ýerli suwlaryny rejeli peýdalanmak babatda teklipleri işläp düzmek boýunça degişli ylmy-barlag işler hem ýerine ýetirilýär.
Geografiýa hünäriniň uçurymlaryna “geograf, mugallym” käri berilýär. Olar bilim edaralarynda, ylmy-barlag institutlarynda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň edaralarynda, Statistika baradaky döwlet komitetiniň bölümlerinde işläp bilýärler.
Ekologiýa hünäriniň uçurymlaryna “ekolog, ekologiýa we geografiýa mugallymy” käri berilýär. Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra bilim edaralarynda, ylmy-barlag institutlarynda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň edaralarynda, döwlet tebigy goraghanalarynda, häkimlikleriň degişli bölümlerinde işläp bilýärler.
Meteorologiýa hünäriniň uçurymlaryna “meteorolog, geografiýa mugallymy” käri berilýär. Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra bilim edaralarynda, ylmy-barlag institutlarynda, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynda işläp bilýärler.
Kartografiýa hünäriniň uçurymlaryna “kartograf, geografiýa mugallymy” käri berilýär. Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra bilim edaralarynda, ylmy-barlag institutlarynda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň №5 kärhanasynyň bölümlerinde, häkimlikleriň degişli bölümlerinde işläp bilýärler.