Biz barada

28237



Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 1931-nji ýylda Aşgabat mugallymçylyk instituty hökmünde esaslandyryldy. 1950-nji ýylda ýokary okuw mekdebi Türkmen döwlet uniwersitetine öwrüldi. Bu ýokary okuw mekdebi häzir Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny göterýär.
Uniwersitet döwrebap maddy-enjamlaýyn binýada eýedir. Ýokary okuw mekdebi häzirki zaman okuw, kompýuter, internet otaglary, dürli tejribehanalary we kitaphanalary bolan okuw binalarynyň altysyndan, talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de sport desgalarynyň tutuş toplumyndan, naharhanalardan ybaratdyr.
Türkmen döwlet uniwersiteti daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen ylym, bilim we medeni ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk alyp barýar.
Uniwersitetde 12 fakultet (matematika, maglumat tehnologiýalary, fizika, himiýa, biologiýa, geografiýa, türkmen dili we edebiýaty, iňlis dili we edebiýaty, roman-german we gündogar dilleri, taryh, hukuk, hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetleri), 37 kafedra hereket edýär. Olarda hünär ugurlarynyň 14-si, hünärleriň hem-de taýýarlyk ugurlarynyň 33-si boýunça hünärmenler, bakalawrlar we magistrler taýýarlanylýar.
Matematika we mehanika ugry (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika).
Fizika we astronomiýa ugry (hünärler: fizika; astronomiýa; radiofizika we elektronika).
Informatika we hasaplaýyş tehnikasy ugry (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).
Biologiýa ylymlary ugry (hünär: biologiýa).
Himiýa ugry (hünär: himiýa).
Ýeri öwreniş ylymlary ugry (hünärler: geografiýa; kartografiýa; meteorologiýa; ekologiýa).
Psihologiýa ylymlary ugry (hünär: psihologiýa).
Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek ugry (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty, rus dili we edebiýaty).
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi ugry (hünär: žurnalistika).
Taryh we arheologiýa ugry (hünärler: taryh; arheologiýa).
Filosofiýa we etika ugry (hünär: filosofiýa).
Ylahyýet ugry (hünär: ylahyýet).
Syýasat ylymlary we sebit öwreniş ugry (hünärler: syýasaty öwreniş; gündogary öwreniş).
Hukuk işi ugry (hünär: hukuk öwreniş).

Uniwersitetde şu ugurlar boýunça bakalawrlar taýýarlanylýar:
Matematika we mehanika (ugry: amaly matematika we informatika).
Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (ugry: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Bilimi dolandyrmak” ugry boýunça magistrler hem taýýarlanylýar.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30