Fizika fakulteti
11942Fakultetde umumy fizika, nazary we eksperimental fizika, radiofizika we elektronika kafedralary hereket edýär, olarda fizika, radiofizika we elektronika hünärleri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.
Fakultetde dürli ugurlar – ýarymgeçirijileriň elektrik, magnit we gurluş häsiýetlerini barlamak; gün energiýasyny peýdalanmak boýunça desgalary işläp düzmek; ýadro magnit rezonansy; radiotolkunlaryň ýaýramagy; okatmagyň usulyýeti meseleleri boýunça ylmy-barlag we ylmy-usuly işler alnyp barylýar.
Fakultetiň kafedralarynda fizikanyň ähli bölümleri boýunça Ýewropada we Russiýa Federasiýasynda öndürilen häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen 23 okuw tejribehanasy bar. Fakultetde äleme syn ediş obserwatoriýasy hem hereket edýär.
Fakultetiň uçurymlaryna fizika, radiofizika we elektronika hünärleri boýunça degişlilikde “fizik, mugallym”; “radiofizik, mugallym” kärleri berilýär. Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra bilim edaralarynda, ylmy-barlag institutlarynda, ylmy merkezlerde, şeýle hem aragatnaşyk ulgamyna degişli edaralarda işläp bilýärler.