GEOCLIC

720

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan ýerine ýetirilýän ERASMUS+ maksatnamasynyň “Kenarýaka ekoulgamlaryny howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak üçin geogiňişlik inženeriýasy boýunça täze okuwlar” (GEOCLIC) taslamasynyň gysgaça beýany

Taslamanyň häsiýetnamasy, maksatlary we meseleleri:
Klimatyň üýtgeýän şertlerinde Hazar deňziniň kenarýaka ekoulgamlarynyň meseleleri daş aralykdan (distansion) yzygiderli we jikme-jik monitoring geçirilmegini talap edýär. Maglumatlara baha bermek we dolandyrmak üçin daş aralykdan zondirlemegiň we geogiňişlik tehnologiýalarynyň gurallary peýdalanylyp, olar kenarýaka sebitiniň daşky gurşawynyň ýagdaýyny hemişe gowulandyrmak üçin guramalar tarapyndan yzygider ulanylýar. 
Kenarýaka ýurtlarynda GEONETCast aralykdan zondirlemek üçin programma üpjünçiligi we GIS şekilleri san taýdan işlemek we beýlekiler ýaly häzirki zaman kosmiki tehnologiýalary peýdalanmak we ösdürmek Hazar deňziniň kenarýaka ekoulgamlaryna degişli ekologiki meseleleriň çözülmegine ýardam edip bilýär. 
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti GEOCLIC taslamasynyň konsorsiumyna girýär. Bu taslama GEONETCast, GIS Software – ILWIS ýaly täze tehnologiýalary hem-de daş aralykdan zondirlemek we modelirlemek tehnologiýalaryny peýdalanmak esasynda, klimatyň üýtgemeginiň jähtinde ekologiki howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, geogiňişlik tehnologiýalary boýunça okuw meýilnamalaryny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Taslama häzirki bar bolan okuw maksatnamalaryny täzelemek hem-de bu ugurda täze gazanylanlaryň esasynda okuw maksatnamalaryny işläp düzmek ýoly bilen amala aşyrylýar. GEOCLIC konsorsiumy 17 agzalardan ybarat.

S1 KZ Al-Farabi adyndaky Gazak Milli uniwersiteti
S2 NL Twente uniwersiteti
S3 DE Berliniň tehniki uniwersiteti
S4 LV Geldiminas adyndaky Wilnýus tehniki uniwersiteti 
S5 RO Konstantanyň deňiz uniwersiteti
S6 DE EXOLaunch GmbH
S7 AZ Baku döwlet uniwersiteti
S8 AZ Azerbeýjanyň milli Awiasiýa akademiýasy
S9 AZ Azerbeýjanyň döwlet binagärlik we gurluşyk uniwersiteti
S10 AZ Mingýaçewir döwlet uniwersiteti
S11 KZ Ýesenow adyndaky Kaspiý döwlet inženerçilik we tehnologiýa uniwersiteti
S12 KZ Utebaýew adyndaky Atyrau nebit - gaz uniwersiteti 
S13 TM S.Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersiteti
S14 TM Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
S15 TM Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
S16 AZ Halkara ekoenergetika akademiýasy 
S17 KZ Gazagystanyň Bilim ministrliginiň geografiýa instituty

Taslamanyň uzak möhletli maksatlary:
1.Häzirki zaman kosmiki we kenarýaka monitoringiniň tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen, kenarýaka we suw-batgalyk ekoulgamynyň yzygiderli we jikme-jik monitoringi boýunça hünärmenleri taýýarlamak. 
2.Ätiýaçlyk gorlaryny durnukly peýdalanmagyň we täzeden dikeltmegiň tehnologiýalaryny girizmek ýoly bilen, häzirki wagtda ulanylýan biologiki baýlyklary goramak. 
3.Hazaryň kenarýaka we deňiz ekoulgamynyň biologiki dürlüligini goramak we dolandyrmak. Şol sanda, ýitip barýan görnüşleri goramak, şeýle hem, inwaziw görnüşlerinden goramak boýunça öňüni alyş (prewentiw) çäreleri geçirmek. Ewtrofikasiýany azaltmak.
4.Suwuň ýokary hilini üpjün etmek bilen adamlaryň saglygyny goramak, olaryň dynç almagy üçin oňat şertleri döretmek we ekoulgamyň howpsuzlygyny üpjün etmek. Bu gury ýer, şeýle hem deňiz hapalanma çeşmelerine degişli bolup durýar. 

Garaşylýan netijeler:
•Okuw meýilnamalaryny işläp düzmek üçin okuw strategiýasy boýunça ylalaşyk we görkezme.
•Geogiňişlik tehnologiýalary boýunça täze okuw maksatnamalary, şol sanda täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen GEOLAB barlaghanalary we wirtual kompýuter otaglary (СVE).  
•Geogiňişlik tehnologiýalary boýunça täzelenen hereket edýän okuw meýilnamalary, şol sanda EСTS we täze işläp düzmeler.
•Gazagystanyň, Azerbeýjanyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň zähmet bazaryna ýakynlaşmagy. 

Girizmäge/modernizasiýa degişli esasy okuw maksatnamalar:
1.Hemralardan zondirlemek ýoly bilen alnan bort we in-situ maglumatlary adatdan daşary ýagdaýlara gözegçilik etmek (monitoring) üçin peýdalanmak we integrasiýa etmek.
2.GEONETCast – peýdalanyjylaryň bütindünýä jemgyýetine daşky gurşaw baradaky maglumatlary berýän we olary ýaýradýan hemra ulgamlarynyň bütindünýä tory.
3.Daşky gurşawy goramak boýunça görkezmeler, GIS – ILWIS programma  üpjünçiligi.
4.Kompýuter görüjiliginiň algoritmleriniň optimallaşdyrylyşy (apparat we programma üpjünçiliginiň bilelikdäki taslamasy, kristaldaky ulgamlaryň işlenilişi, hatarlanan ulgamlar, energiýa täsirli çözgütler, şekilleri seljermegiň ýokary parallel algoritmleri, grafiki prosessorlaryň işlenilişi).
5.Maglumatlary çuňňur öwrenmegiň we intellektual seljermegiň ulgamlaryna esasy ünsi bermek bilen şekilleriň san taýdan işlenilişi (şekilleri almak, korreksiýa etmek we seljermek/wideo, obýektleriň täzeden gurluşy (rekonstruksiýasy), şekilleriň esasynda üsti ölçemek).
6.Maglumatlary optiki we giperspektral işlemegiň nazaryýeti we tehnologiýasy (maglumatlaryň täze modelleri, täze hasaplaýyş arhitekturalary, daşky gurşawy goramagyň çäklerinde goşundylar).
7.Daşky gurşawa edilýän täsire baha bermek we ekologiki dizaýn.
8.Ekologiki prosesleri we dolandyrmagy modelirlemek.
9.Uzak aralykdan (distansion) zondirlemegiň we modelirlemegiň tehnologiýalary – geogiňişlik gurallary hökmünde.    
10.GIS we kenarýaka ekoulgamlaryny dolandyrmagyň empirik usullary.
11.Kenarýaka ekoulgamlaryny dolandyrmak boýunça çözgütleri kabul etmek.  

Taslamadan garaşylýan täsirler
Taslama işlenip düzülýän okuw maksatnamalaryna häzirki zaman barlaglaryň netijelerini girizmegi sylaglamak bilen, öňdebaryjy tejribäni ýaýratmak, täze ulgamlary öwrenmek we dereje almaklygyň täze maksatnamalaryny peýdalanmak ýoly bilen daşky gurşawy uzak aralykdan (distansion) kosmiki zondirlemek we dolandyrmak ulgamynda innowasion işjeňligi goldar we tizleşdirer. Maksatlaýyn toparlar taslamanyň bu netijelerini (önümlerini) olaryň peýdalanyp boljak derejesine laýyklykda ulanyp bilerler. Ol derejeler aşakda getirilýär:
-Ýerli dereje: taslamanyň içindäki we onuň çäginden daşardaky talyplar, uçurymlar, taslamanyň içindäki we onuň çäginden daşardaky akademiki mugallymlar/administratiw işgärler, taslamanyň içindäki we onuň çäginden daşardaky gaýtadan taýýarlaýyş kurslaryny hem girizmek bilen, tehniki hünärmenler, taslamanyň içindäki we onuň çäginden daşardaky syýasaty kesgitleýji ýüzler hökmünde ýerli jemgyýetiň administratiw işgärleri; kosmiki maglumatlar bilen hyzmat ediş obýektleriň top-menejmenti. Mundan başga-da, ýerli dereje üçin täze modullar taslamanyň esasy netijelerini gazanmagyň usuly hökmünde peýdalanarlykly hasaplanylýar.
-Sebitleýin dereje: taslamanyň içindäki we onuň çäginden daşardaky syýasaty kesgitleýän ýüzler hökmünde sebitleýin jemgyýetiň administratiw işgärleri; Kosmiki maglumatlar gullugynyň sebitleýin bölümleriniň ýokary ýolbaşçylygy;
-Milli dereje: syýasaty kesgitleýän ýüzler hökmünde ministrlikler; okuw merkezleriniň işgärleri we okuwçylary;       
-Ýewropa derejesi: Taslamanyň içinde we daşynda Ýewropa bileleşiginiň uniwersitetleriniň talyplary, taslamanyň içinde we onuň çäginden daşarda uçurymlar, mugallymlar/administratiw işgärler, taslamanyň içinde we onuň çäginden daşarda Ýewropa Bileleşiginden SME-iň hyzmat ediş ofisleri, hödürlenýän taslamanyň netijelerini taslamanyň hereket edýän möhletiniň dowamynda peýdalanmak üçin, bu maksatlaýyn toparlary çekmegiň usullary ähli dört toparlar üçin umumy bolup durýarlar we taslamanyň çäreleriniň çäklerinde şu aşakdaky görnüşde beýan edilýär: 
-Taslamanyň netijelerini ýaýbaňlandyrmak üçin, onuň web-saýty we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri işlenip düzüldi;
-Gyzyklanýan taraplaryň kesgitli sanawyndan, beýleki uniwersitetlerden, konsorsiumdan wekillere we Ýewropa bileleşiginiň delegasiýalaryna çakylyk berýän hapar beriş (informasion) konferensiýalary;
-Her bir gatnaşyjy uniwersitetiň çykarýan neşirleri azyndan her 3 aýdan biri;
-Senagat kärhanalary we uniwersitet däl tehniki işgärler üçin treningler taslamanyň çäklerinde döredilen guramalarda geçirilýär. 

Paýlaş

GEOCLIC

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan ýerine ýetirilýän ERASMUS+ maksatnamasynyň “ [...]

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
(12) 94-67-30 / 94-61-59
Email:
tdu@online.tm