“Berkarar döwletde ýaşuly nesliň sarpasy”

197

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Ýaşulularyň halkara gününe bagyşlanyp “Berkarar döwletde ýaşuly nesliň sarpasy” atly aýdym-sazly dabara geçirildi.
Dabarada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdym-saz topary tarapyndan ata Watanymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, milli mirasymyzy, ýaşululary wasp edýän “Halkyň Arkadagly zamanasy”, “Uzak ýaşa Arkadagly Serdarymyz”, “Garrylar gerek” aýdymlar ýerine ýetirildi we sazlar ýaňlandy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerinde rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
(12) 94-67-30 / 94-61-59
Email:
tdu@online.tm