“Breýn-ring” zehin bäsleşigi

466

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda “Breýn-ring” zehin bäsleşiginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Zehin bäsleşiginiň açylyş dabarasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdym-saz toparynyň aýdymçylary tarapyndan Hormatly Prezidentimizi, Arkadagly Serdarymyzy, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyny, ata Watanymyzy wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi.
Soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda zehinli talyplary ýüze çykarmak üçin “Breýn-ring” zehin bäsleşigine badalga berildi. Bu bäsleşik çekeleşiklik häsiýete eýe bolup, talyplara zehin, ukyp-başarnyklary, bilimi we ylmy garaýyşlary boýunça sowallar berildi. 
Zehin bäsleşigine gatnaşyjy talyplar bilim-ylym garaýyşlaryny ýokarlandyrmak, okamaga, döretmäge ählitaraplaýyn döredilýän mümkinçilikler, täze-täze gözýetimlere ýetmekdäki edýän tagallalary üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
(12) 94-67-30 / 94-61-59
Email:
tdu@online.tm