Türkmen talyplary matematika boýunça halkara ders olimpiadasynda ýokary netije görkezdiler

467

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 2022-nji ýylyň 4-6-njy noýabry aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowiçe şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen matematika dersi boýunça halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, ýokary netije gazandylar. 
Matematika dersi boýunça geçirilen halkara olimpiadasynda talyplarymyz baýrakly orunlaryň 16-syna, ýagny altyn medallaryň – 7-sine, kümüş medallaryň – 6-syna, bürünç medallaryň – 3-sine mynasyp boldular.
Matematika dersi boýunça halkara olimpiadasyna Awstriýa, Germaniýa, Polşa, Russiýa Federasiýasy, Belarus Respublikasy, Slowakiýa, Wengriýa, Şweýsariýa, Ukraina, Malaýziýa we Türkmenistandan, jemi 11 döwletiň 35 sany ýokary okuw mekdebinden 180 sany talyp gatnaşdy. Matematika dersi boýunça halkara olimpiadasyna ýurdumyzdan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndan, Türkmen oba hojalyk institutyndan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan talyplar gatnaşdylar.
Matematika dersi boýunça halkara olimpiadasynda şahsy we toparlaýyn ýaryşlar geçirildi. Şahsy ýaryşda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň  talyplary 3 altyn medala hem-de 2 kümüş medala mynasyp boldular.
Toparlaýyn ýaryşda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary kümüş medala mynasyp boldy.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň bu ajaýyp üstünligi Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Halkara Bitaraplyk gününiň baýramyna ajaýyp sowgat boldy. 
Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen matematika dersi boýunça halkara olimpiadasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gazanan bu ajaýyp üstünlikleri Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim syýasatynyň has-da dabaralanýandygynyň we onuň halkara derejesine çykýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Matematika dersi boýunça halkara olimpiadasynda ýeňiji bolan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar üçin edýän çäksiz aladalary, olaryň dünýä derejesinde zehin-başarnyklaryny açyp görkezmekleri babatda döredýän giň mümkinçilikleri üçin çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
(12) 94-67-30 / 94-61-59
Email:
tdu@online.tm