Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

567

5-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Dialog — parahatçylygyň kepili” ýörelgesi döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň baş ugrudyr” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, hünärmenleri, talyplary, ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, ylmy işgärleri, ministrliklerdir pudaklaýyn edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem, aspirantlar we alymlyk derejelerine dalaşgärler gatnaşdylar.
Maslahat öz işini “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň mizemez binýadydyr”, “Halkymyzyň medeni-ynsanperwer gymmatlyklarynyň öwrenilmegi häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň kepilidir”, “Türkmen dilini we edebiýatyny öwrenmegiň hem-de okatmagyň wajyp meseleleri”, “Dünýä dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň nazary hem-de amaly esaslary”, “Tebigy ylymlaryň ösüşinde biologiýa köpdürliliginiň öwrenilmeginiň we biotehnologiýanyň orny”, “Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak syýasaty ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini ösdürmegiň baş ugrudyr”, “Ýurdumyzda himiki tehnologiýalaryň kämilleşdirilmegi senagat önümçiliginiň innowasion ösüşiniň özenidir”, “Sanly bilim ulgamyny döwrebap ösdürmekde maglumat tehnologiýalarynyň orny”, “Ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklaryna nanotehnologiýanyň gazananlaryny ornaşdyrmagyň durmuş-ykdysady ähmiýeti” atly bölümleriň 10-synda dowam etdirip, olarda ylmy nutuklaryň 450-ä golaýy diňlenildi.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda döwrebap özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmakda beýik tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza alkyşlaryny we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30