“Bitarap Türkmenistan — ösüş arkaly parahatçylygyň beýik nusgasy” atly halkara maslahat geçirildi
63410-njy dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş, sport we ylym ulgamlary tarapyndan “Bitarap Türkmenistan — ösüş arkaly parahatçylygyň beýik nusgasy” atly maslahat geçirildi.
Maslahata ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş, sport we ylym ulgamlarynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili, BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň orunbasary, ÝUNESKO-nyň Tährandaky “Klaster” edarasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.
Halkara maslahat öz işini umumy mejlisde we “Berkarar döwletiň täze eýýazmynyň Galkynyşy döwri we Bitaraplyk ýörelgeleri”, “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm guralydyr”, “Bitarap Türkmenistan — bedenterbiýe we sport arkaly parahatçylygy ilerletmek”, “Bitarap Türkmenistanyň ylym ulgamyndaky ösüşleri” atly 4 bölümde işläp, olar öz işini Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniuwersitetinde, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde alyp bardy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda halkara maslahat bilen ugurdaş Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň, ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş, sport we ylym ulgamlarynyň üstünlikleriniň, dürli taslamalaryň we milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisi hem guraldy.