Talyplarymyz türkmen milli göreşi boýunça baýrakly orunlary eýelediler

1371

2022-nji ýylyň 13 — 15-nji dekabry aralygynda «Türkmenistanyň ýokary okuw hem-de orta hünär we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sportuň görnüşleri boýunça geçiriljek ýaryşlaryň Meýilnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp oglanlarynyň arasynda türkmen milli göreşi boýunça ýaryş geçirildi.
Ýaryşda talyp türgenler 8 agram derejesi boýunça göreşdiler. Umumy agram derejeleriniň netijelerine laýyklykda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar topary III baýrakly orny eýelediler. Şeýle hem 75 kg agram derejesinde çykyş eden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Gurbangeldi Gurbangeldiýew ähli garşydaşlaryndan üstün çykyp, şol agramda I orna — altyn medala mynasyp boldy.
Uniwersitetiň türgen talyplaryna geljekde geçiriljek ýaryşlarda hem täze üstünlikleri gazanmagy arzuw edýäris.

Amanmuhammet BATYROW, 
TDU-nyň Talyplar sport klubynyň ýokary derejeli türgenleşdiriji mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30