Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygyna bagyşlanyp hoşallyk maslahaty geçirildi

608

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň ýaňy-ýakynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň netijelerine we onda özara kabul edilen resminamalardan gelip çykýan wezipelere bagyşlanyp hoşallyk maslahaty geçirildi.
Maslahata ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Onda aýratyn-da saparyň çäklerinde “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda” Ähtnama gol çekilmegi dogrusynda bellenildi. Maslahatda çykyş edenler türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlar boýunça durmuşa geçirilýändigi, hususan-da iki döwletiň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda ylym-bilim gatnaşyklaryny ilerletmek tagallalaryny, şeýle-de bu hyzmatdaşlygyň geljegi babatda pikirlerini beýan etdiler. 

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30