BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI DABARALY ÝAGDAÝDA BELLENILDI

2003

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli okuw mekdepleri bilen bir hatarda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly ýagdaýda bellenildi.
Güýz paslynyň ilkinji säheriniň ajaýyp baýramçylygy mynasybetli dabaraly çäre uniwersitetiň himiýa fakultetiniň okuw binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk dabarasynda, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Dabaranyň dowamynda ýokary okuw mekdebimiziň halypa hem ýaş professor-mugallymlary, 1-nji ýyl talyplary çykyş etdiler. Şeýle-de talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde joşgunly aýdymlara, tanslara, edebi-sazly kompozisiýalara, çeper okaýyşlara uly orun berildi. Soňra täze — 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy.
Täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ady bilen geçirildi.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30