MILLI LIDERIMIZIŇ WATANÇYLYK SAPAGY — ÝAŞ NESLIŇ GÖWÜN GANATY

528

2-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň taryhy we ýaş nesliň borçlary barada umumy sapak geçmegi we Arkadag şäherinde hem-de Diýarymyzyň dürli künjeklerinde açylan bilim edaralary, birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler Milli Liderimiziň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde talyplar we ýaşlar bilen geçiren umumy okuw sapagynyň ýaş türkmenistanlylaryň kämil düşünjeli nesiller bolup ýetişmegi üçin uly ähmiýete eýedigini, sapagyň döwlet hem jemgyýetçilik, maşgala durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alyp, iňňän uly many-mazmuny özünde jemländigini nygtadylar.
Çykyşlaryň käbirinde bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna, Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär mekdebiniň açylyş dabaralaryna gatnaşmagy we ýurdumyzda beýleki bilim-terbiýeçilik edaralarynyň binalarynyň açylmagy şanly senä mynasyp toý sowgady boldy. Hususan-da, çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumyny açyp ulanylmaga berilmegi, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň goşmaça okuw binasynyň we beýleki desgalaryň gurluşygyna badalga berilmegi bilimiň binýadyny mundan beýläk-de berkitmekde we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde mynasyp orun tutýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň berk binýady bolup durýandygy nygtalyp geçildi.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30