BILIM ULGAMYNDAKY TARYHY WAKALARA BAGYŞLANDY

724

8-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary toplumy tarapyndan 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýaşlaryna geçen watançylyk sapagy we Arkadag şäherinde açylan bilim edaralary mynasybetli «Gahryman Arkadagymyzyň Döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň ýurdumyzda bilim ulgamy üçin uly şatlyk-şowhuna beslenendigini belläp, ýurdumyzda bu şanly sene mynasybetli açylan bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ähmiýetli taraplaryny nygtadylar.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp-ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän ýaş hünärmenleriň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçen umumy okuw sapagynyň taryhy ähmiýete eýe bolup, Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramçylygyna barýan günlerinde ýaşlar syýasatynyň döwleti we jemgyýeti ösdürmekdäki orny, ýaş nesilleriň wekilleri bilen duşuşyp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we Watanymyzyň okgunly ösüşine, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, türkmen halkynyň şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary, özboluşly dap-dessurlary, ýaşlaryň öňünde durýan wezipeler barada belläp geçendigi çykyşlarda nygtaldy.
Çykyş edenler türkmen halkynyň şöhratly taryhynda altyn sahypalar bolup geçirjek Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli bilim-terbiýeçilik edaralarynyň täze binalarynyň açylmagy, birnäçesiniň düýbüniň tutulmagy we ýaşlar bilen geçirilen umumy sapak halk hakydasynyň öçmejek nury bolup durýandygyny belläp geçdiler.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30