Ýeňiş gününe bagyşlanan ymy-amaly maslahat
3103-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli “Beýik Ýeňşiň gahrymanlarynyň merdanalygy – watansöýüji nesli kemala getirmegiň görelde mekdebi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ylmy-amaly maslahat umumy mejlisde we “Türkmen halkynyň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenlikleri – ýaşlar üçin terbiýe mekdebi”, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen dilini we edebiýatyny öwretmegiň ylmy esaslary”, “Ynsanperwer ylymlarda gazanylan üstünlikleriň ylmy hem-de amaly esaslary”, “Daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek bilimli nesli kemala getirmegiň esasy şertidir”, “Iňlis dilini we edebiýatyny öwrenmekde we öwretmekde täzeçe çemeleşmeler”, “Takyk ylymlar ulgamynyň häzirki zaman üstünlikleri – innowasion tehnologiýalary ösdürmegiň özenidir”, “Fizika ylmynda ýetilen belent sepgitler – ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ösdürmegiň möhüm şertidir”, “Tebigy ylymlary we himiki tehnologiýalary toplumlaýyn ösdürmegiň esasy ugurlary”, “Türkmenistanyň biologiýa dürlüligini öwrenmegiň hem-de rejeli peýdalanmagyň halk hojalyk ähmiýeti”, “Türkmenistanda daşky gurşawy goramak meseleleriniň ylmy çözgütleriniň halk hojalyk ähmiýeti” atly bölümleriň 10-synda öz işini alyp bardy. Maslahatda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralardan we beýleki edara-kärhanalaryndan gatnaşan professor-mugallymlaryň, alymlaryň, ylmy işgärleriň, hünärmenleriň, aspirantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriň we talyplaryň ylmy, ylmy-amaly we ylmy-usuly häsiýetdäki çykyşlarynyň 460-a golaýy diňlenildi.