«Açyk gapylar» güni: uniwersitet bilen özboluşly tanyşlyk
3794-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Açyk gapylar» güni ýokary derejede geçirildi. Oňa paýtagtymyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary we ýaşlar işjeň gatnaşdylar.
«Açyk gapylar» gününiň myhmanlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik we ylmy-barlag işleri, ýokary okuw mekdebiniň muzeýleriniň gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh, türkmen dili we edebiýaty, iňlis dili we edebiýaty, roman-german we gündogar dilleri, hukuk, fizika, matematika, maglumat tehnologiýalary, himiýa, biologiýa, geografiýa fakultetlerinde ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin 30 hünär boýunça ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar.
Uniwersitetiň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän okuw binalarynda, sport toplumynda, umumy ýaşaýyş jaýlarynda, kitaphanalarynda, şol sanda elektron kitaphanasynda talyp ýaşlaryň bilim almagy, ylmy garaýyşlaryny ýokarlandyrmagy, sport bilen meşgullanmagy, medeni taýdan dynç almagy üçin ähli şertler döredilen. Uniwersitet şäherçesi özüniň döwrebap keşbi bilen paýtagtymyzyň gözelliginiň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Uniwersitetiň bilim, ylym, terbiýeçilik we sport durmuşy çärä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Çärä gatnaşyjy okuwçylar we ýaşlar uniwersitetiň mejlisler jaýynda ýokary okuw mekdebi barada wideofilme tomaşa etdiler hem-de uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň çykyşlaryny diňlemek bilen, sowal-jogaplar alyşdylar.