Maddy däl medeni mirasyň halkara gününe bagyşlanan duşuşyk

229

17-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Medeni miras: geçmişden geljege” ÝUNESKO kafedrasynyň gurnamagynda Maddy däl medeni mirasyň halkara gününe bagyşlanan kafedranyň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Tegelek stolyň başynda geçen duşuşykda arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Mähri Perdeliýewa “Maddy däl medeni mirasyň halkara gününiň taryhy ähmiýeti” tema bilen çykyş edip, talyplara ÝUNESKO tarapyndan maddy däl medeni mirasy goramakda alyp barýan işleri, bu babatda döredilen halkara günleri barada täsirli gürrüň berdi.
Soňra “Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulan gymmatlyklary” atly tema bilen ÝUNESKO kafedrasynyň işjeň agzasy, arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymy Röwşen Gapbargulyýew çykyş edip, türkmen halkynyň gadymy we müdimi mirasy barada söhbet etdi.
“Medeni miras: geçmişden geljege” ÝUNESKO kafedrasynyň işjeň agzasy taryh fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Zyýada Ýusubowa Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň medeni-ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösüşi barada gürrüňi dowam etdi.
Çäre bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň okuw binasynyň eýwanynda Maddy däl medeni mirasyň halkara gününe bagyşlanan ÝUNESKO kafedrasynyň işjeň agza talyplarynyň türkmen halkynyň medeni mirasyna bagyşlap ýasan taslama işleriniň sergisi gurnaldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30