ÝUNESKO kafedralary we klublary tejribe alyşdylar
111Golaýda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ÝUNESKO klublarynyň we kafedralarynyň ýolbaşçylary bu ugurda tejribe alyşmak üçin Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde iş saparynda boldular. Saparyň dowamynda mugallymlar ÝUNESKO klublarynyň Belarus assosiasiýasynda, ÝUNESKO klublarynyňdyr kafedralarynyň birnäçesinde myhmançylykda boldular. Assosiasiýanyň agzalary myhmanlary alyp barýan işleri bilen tanyşdyryp, durmuşa geçirilýän halkara taslamalar we maksatnamalar, bu babatda ugurdaş düzümler bilen yzygiderli giňeldilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada gürrüň berdiler. ÝUNESKO klublarynda ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, ekologik bilimi we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmekde alnyp barylýan işler, ony has-da ilerletmegiň ugurlary barada hem söhbet edildi.
Mugallymlar «Gyzykly işleriň merkezi» atly klubda myhmançylykda bolup, onuň işi hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň klublarynyň işjeňligi bilen belarus kärdeşlerini tanyşdyrdylar. Klubuňa gzalary ýöriteleşýän ugurlary boýunça geçirýän medeni çäreleri barada gürrüň berdiler.
Minsk döwlet lingwistik uniwersitetiniň “Dilleri öwrenmek arkaly parahatçylyk we raýat bilimi” atly ÝUNESKO klubunda bolan duşuşyk hem özara pikir, tejribe alyşmakda ähmiýetli boldy. Bu uniwersitetde ÝUNESKO kafedrasy 25 ýyldan bäri hereket edýär we daşary ýurt dillerini öwrenmekde öňdebaryjy usulyýetleri peýdalanýar, halkara maslahatlary we “tegelek stollary” guramak baradaky tejribeler bilen tanyşýar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2023-nji ýylda açylan «Medeni miras: geçmişden geljege» kafedrasynyň ylmy ugry, agza mugallymlaryň we talyplaryň alyp barýan işleri baradaky gürrüňler hem belarus tarapynda uly gyzyklanma döretdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar geljekde kafedralaryň arasynda hyzmatdaşlygy saklamagyň mümkinçilikleri, medeni mirasy goramagyň möhüm ugurlary barada özara pikir alyşdylar.

04/12/2024
Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
4-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen dö
29/11/2024
III Halkara olimpiadasynyň netijeleri yglan edildi
2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Magtymguly
28/11/2024
Adam we tebigat gatnaşyklaryndan söz açýan okuw gollanmasy
Edebiýatda tebigat temasy gadymy döwürlerden
28/11/2024
«Magtymgulynyň eserleriniň frazeologiýasy» atly okuw gollanmasy
Hormatly Prezidentimiziň: «Magtymguly şahsyýetdir, maşgaladyr, jemgyý
28/11/2024
Halkara ylmy-amaly maslahat öz işini bölümlerde dowam etdi
28-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen