Türkmenistanyň Gahrymany Annajemal Nurmuhammedowa bilen döredijilik duşuşygy
290Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde halkymyzyň asylly däplere eýerip, beýik şahsyýetlerine uly hormat bilen garandyklaryny, häzirki wagtda hem bu asylly ýörelgämizi dowam etdirip, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýäde dabaralandyrmakda bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, ýurdumyzyň tanymal şahsyýetleri bilen döredijilik duşuşyklaryny geçirmek boýunça berlen tabşyryklar halkymyzyň arasynda uly seslenmä eýe boldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi – “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen ady dakylan we “Altyn Aý” altyn nyşany gowşurylan Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, “Dokmaçylar” medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Nurmuhammedowa Annajemal Saparowna bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Döredijilik duşuşygynda Türkmenistanyň Gahrymany Annajemal Nurmuhammedowa Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde alyp barýan tutumly işleriniň ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşleriniň binýady bolup durýandygyny nygtap geçip, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň häzirki ýeten derejeleri, gazanylýan üstünlikler, milli aýdym-saz, tans sungatymyzyň milli ruhda ösdürilmegi, ony dünýä ýaýmakda, halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirmek, zehinli ýaşlary ýetişdirmek babatda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.
Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Gahrymany Annajemal Nurmuhammedowanyň durmuş ýoly bilen baglanyşykly täsirli gürrüňleri duşuşyga gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.
Döredijilik duşuşygynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Gahrymany Annajemal Nurmuhammedowa durmuş we zähmet ýoly hem-de belent sepgitlere ýetmekde alnyp barylmaly mynasyp zähmetiň orny bilen baglanyşykly sowallary bilen ýüzlendiler.
Türkmenistanyň Gahrymany Annajemal Nurmuhammedowanyň ýerine ýetirmeginde ýurdumyzyň okgunly ösüşini wasp edýän “Alkyşnama” aýdymy duşuşygyň täsirliligini has-da artdyrdy.
Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny arzuw etdiler.