Ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi

272

19-njy noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Hormatly Prezidentimiziň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaby şöhratly taryhymyzy öwrenmekde gymmatly ylmy çeşmedir” atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi.
Maslahata Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary we ylmy işgärleri gatnaşdylar.
Ylmy-döredijilik maslahatynda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilmeginiň taryhy ahmiýete eýe bolup durýandygyny belläp, Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitabynyň Änewiň müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetini öwrenmekde hem-de taryhyň syrly sahypalaryny dikeltmekde, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelemekde iňňän uly ähmiýetli genji-hazynadygyny nygtadylar.
Ylmy-döredijilik maslahat bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda kitap, amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň, halkymyzyň şöhratly taryhyny we bagtyýar şu gününi özünde jemleýän taslamalaryň sergisi guraldy.
Maslahatynyň ahyrynda Berkarar döwletimizde parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen syýasaty alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözleri beýan edildi.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30