Halkara ylmy-amaly maslahat öz işini bölümlerde dowam etdi
12528-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilýän “Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty öz işini “Himiýa okatmagyň döwrebap usullary we olary kämilleşdirmegiň ýollary”, “Täze himiýa tehnologiýalaryny işläp düzmegiň meseleleri we geljegi” hem-de “Tebigy ylymlaryň häzirki zaman ösüşinde innowasiýa tehnologiýalarynyň orny” atly bölümlerde dowam etdi.
Halkara maslahatyň bölümleriniň işinde oňa gatnaşyjy Russiýa Federasiýasynyň, Ýaponiýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Efiopiýanyň we Türkmenistanyň professor-mugallymlary, alymlary himiýany okatmagyň döwrebap usullary, kämilleşdirmek, täze himiýa tehnologiýalaryny işläp düzmegiň meseleleri, tebigy ylymlaryň häzirki zaman ösüşinde innowasion tehnologiýalarynyň orny bilen baglanyşykly wekilçilik edýän ýurtlarynyň ýokary okuw mekdeplerinde bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeleri bilen baglanyşykly çykyşlar edildi.
“Himiýa okatmagyň döwrebap usullary we olary kämilleşdirmegiň ýollary” atly birinji bölüminde himiýa derslerini okatmakda informasion tehnologiýalaryň ulanylmagynyň aýratynlyklary, himiýadan olimpiada taýýarlanmakda toplumlaýyn we içgin çemeleşmegiň ugurlary, innowasiýa çemeleşmeleriň esasynda himiýa dersini okatmagyň häzirki zaman usullary, himiýa öwredilende işewür oýunlaryň okuwçylaryň aň-düşünjesini ösdürmekdäki ähmiýeti, döredijilik we eksperiment ýumuşlary arkaly himiýa sapagynyň hilini ösdürmek ýaly meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi.
“Täze himiýa tehnologiýalaryny işläp düzmegiň meseleleri we geljegi” atly ikinji bölüminde fotosintezlenen nanobölejikler: tehnologiýasy, häsiýeti we ulanylyşy, nebit-gaz senagatynyň galyndylarynyň zyýansyzlandyrmak we gaýtadan işlemegiň döwrebap usullary, nukleozidleriň biohimiýasynda, Normda hem-de LPS-induksiýalanan umumy inflamasiýasynda modifisirlenen nukleotidleriň antioksidant derejesine täsiri, emeli aňyň esasynda boýag senagatynda erän kislorodyň düzümine optimal gözegçilik: üst reaksiýanyň usulyýeti, alfa nesil üçin himiýa we biologiýa sapaklarynda stem-başarnyklarynyň ösüşi, biodargaýan matrisaly polimerleriň esasynda fluoresent kompozit materiallaryň alnyşy, tebigy dersleri okatmakda innowasion usullaryň ulanylyşy, himiýa tehnologiýalarynyň mineral dökünleri öndürmekde we duzly suwlary arassalamakda ulanylyşy ýaly meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi.
“Tebigy ylymlaryň häzirki zaman ösüşinde innowasiýa tehnologiýalarynyň orny” atly üçünji bölüminde marganes we kobalt ferritleriň esasynda magnit nanobölejikleriniň barlagy we sintezi, himiýanyň tehnologiki ösüşi, gazbeton önümçiliginiň tehniki aýratynlyklary, matalary doldurmak we olaryň görkeziji aýratynlyklaryny öwrenmek üçin okislenen krahmal esasynda täze galyňlaşdyryjy düzümli birleşmelerini işläp taýýarlamak, organiki himiýany okatmagyň tejribesi, zehinli okuwçylary sylaglamak usuly bilen bäsleşik usulyny ulanyp himiýany okatmak, siklopentadienil demir dikarbonil demir çig malynyň esasynda uglerod nanoturbalary sintezlemegiň tehnologiýalary, ionosfera radiokanallaryň ýygylyk häsiýetnamalary, ekologiýa taýdan arassa mikrosuwotyny ösümliklerde ulanmagyň ylmy barlaglary, palinologik barlaglar üçin kömürli jynslaryň maserasiýa usuly, Garagumuň dürli sebitlerinde howanyň tozanlylygynyň we tozan bölejikleriniň fiziki-himiki häsiýetleriniň üýtgeýşi ýaly meseleler boýunça ylmy, ylmy-amaly, ylmy-usuly häsiýetdäki çykyşlar diňlenildi.
Şonuň ýaly-da, daşary ýurtly we türkmenistanly professor-mugallymlar wekilçilik edýän bilim-ylym edaralarynyň, merkezleriniň mysalynda alnyp barylýan işler boýunça täsirli çykyşlary etdiler.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň bölümleriniň işine gatnaşyjylar himiýany okatmagyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmak we himiki tehnologiýalary kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça kärdeşleri bilen özara tejribe alyşdylar.
Bölümleriň işleriniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkara ylmy-amaly maslahatyň ýokary guramaçylykly geçirilendigini bellemek bilen, bu babatda döredilip berlen giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.