«Magtymgulynyň eserleriniň frazeologiýasy» atly okuw gollanmasy
115Hormatly Prezidentimiziň: «Magtymguly şahsyýetdir, maşgaladyr, jemgyýetdir, döwletdir. Akyldar şahyrymyzyň tutuş döredijiligi şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň we tebigatyň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmeklige gönükdirilendir» diýen sözlerinden ugur alyp Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek bilen baglanyşykly döwletimizde düýpli işler alnyp barylýar.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Tagandurdy Bekjäýew tarapyndan taýýarlanyp, «Ylym» neşirýaty tarapyndan neşir edilen «Magtymgulynyň eserleriniň frazeologiýasy» atly okuw kitabynda şahyryň şygyrlarynyň dili, ulanan çeperçilik serişdeleri dogrusynda söhbet edilýär. Magtymgulynyň goşgularynda ulanylan her bir söz, durnukly aňlatma halkymyzyň taryhy, milli özboluşlylygy, ruhy ahwaly bilen gönüden-göni baglydyr.
Okatmagyň halkara tejribesine daýanyp, dilçi we edebiýatçy alymlaryň ylmy işlerine esaslanylyp taýýarlanylan bu okuw kitaby arkaly talyplar Magtymguly Pyragynyň döredijiligine mahsus frazeologik sözleri öwrenerler.
Monografiýa hem-de Magtymgulynyň goşgularynyň gysgaça frazeologik sözlügi ýokary okuw mekdepleriniň dil we edebiýat fakultetleriniň mugallymlaryna, talyplaryna, aspirantlara, orta mekdebiň dil we edebiýat mugallymlaryna, şeýle-de Magtymgulynyň döredijiligi, türkmen diliniň taryhy bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligine niýetlenendir.