Paýtagtymyzyň gözel künjeklerine gezelenç guraldy
25528-nji noýabrda himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasyna we “Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylar üçin Bitaraplyk binasyna, Garaşsyzlyk seýilgähine we “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyna gezelenç guraldy.
Şonuň ýaly-da, hormatly myhmanlar tanyşlyk maksady bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkyna baryp gördüler. Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlary we ylmy işgärleri häzirki wagtda bu parkyň halkara derejesinde ykrarnama we halkara şahadatnamalarynyň birnäçesine eýe bolup durýandygy hem-de park tarapyndan alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň berdiler. Soňra himiýa boýunça III halkara olimpiadasyna we halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylar park bilen baglanyşykly gyzyklandyrýan meseleler boýunça Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlary we ylmy işgärleri bilen pikir alyşdylar.
Myhmanlar türkmen paýtagtynyň ajaýyp gözellikleri bolan Bitarap binasy, Garaşsyzlyk seýilgähi, “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumy we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky bilen ýakyndan tanyşmak özlerinde uly täsir galdyrandyklaryny aýtdylar. Olar himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadanyň we “Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň ýokary guramaçylykly geçirilendigini bellemek bilen, bu babatda döredilip berlen giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerinden çykýan mübärek sözlerini beýan etdiler.