Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2134-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik toplumy tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabaranyň başynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» kitaby esasynda sahnalaşdyrylan «Hakyda göwheri – paýhas serweri» atly edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly dabaralara beslenýän günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitabynyň hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilmeginiň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda halkymyza gowuşmagynyň uly baýramçylyk sowgady bolandygyny nygtadylar.
Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda Änew medeniýeti, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan Nusaý galasy, Parfiýa döwleti, Beýik Seljuklar döwleti, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Horezmşalar döwleti barada hem-de türkmen edebiýatynyň dünýä edebiýaty bilen aýrylmaz baglanyşykda ösendigini görkezýän «Oguznama» eserleri, oguz ýörelgeleri, oguz däpleri barada gyzykly maglumatlaryň beýan edilýandigi barada aýdyldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylar topary tarapyndan ýerine ýetirilen «Alkyş Size, şöhrat Size Gahryman Arkadagymyz! Alkyş Size, Gahryman Serdarymyz!» aýdymy dabara özboluşly öwüşgin berdi.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyza «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eseri peşgeş berendigi üçin tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar. Berkarar döwletimizde parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen syýasaty alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözleri beýan edildi.