Baýramçylyk mynasybetli ýaş žurnalistleriň maslahaty
53Ýakynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda “Bitaraplyk owazy ýaňlanyp dur belentde, Watanymyzyň şöhraty ýaş nesilleriň dilinde”atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünäriniň professor mugallymlarydyr talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
“Türkmenistan sport” halkara žurnalynyň baş redaktory H.Apbaýew, “Türkmenistan sport” teleýaýlymynyň teswirleýjisi Ý.Annaýew, uniwersitetimiziň žurnalistika kafedrasynyň müdiri H.Ýuwşanow we başgalar maslahatdaky öz çykyşlarynda bu şanly baýramyň taryhy ähmiýeti dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Çykyş edenler žurnalistika hünäri, onuň jemgyýeti habarly etmek babatdaky ähmiýeti we şol sanda, ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanylýan elektron gazetleri, hem-de olary has-da kämilleşdirmegiň ugurlary barada hem durup geçdiler.