Zähmete mynasyp baha
64Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, dana şahyryň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimize söýgi döretmekde, şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermekde döwrebap, kämil eserini döredendikleri, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge goşant goşandyklaryny nazara alyp, zähmetde tapawutlanan, ýokary netijeleri görkezen ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we jemgyýetçilik toplumynda zähmet çekýän işgärlere Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, şeýle-de, ýadygärlik nyşanyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu zähmetde tapawutlanan ildeşlerimiziň çeken zähmetine berlen mynasyp bahadyr.
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda hormatly Prezidentimiziň: «Magtymguly Pyragy türkmenleriň şahyry, dünýä halklarynyň şahyry, tutuş ynsanyýetiň şahyry» diýen sözlerinden ruhlanan halkymyz üçin akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň her bir şygyrlaryna dogry düşünmek, nesillere miras goýmak her bir ynsanyň mukaddes borjudyr.