Okuw gollanmalarynyň we kitaplaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi

81

Berkarar Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen halkara hyzmatdaşlyk arkaly dost-doganlyk gatnaşyklary günsaýyn ösýär, berkeýär. Halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde mynasyp orna eýe bolup, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarymyzyň has-da berkemeginiň berk binýadydyr. Bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesinden ugur almak berkarar Watanymyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.
13-nji dekabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan hytaý diliniň öwredilişine ýardam bermek maksady bilen, Ilçihananyň wekilleriniň gatnaşmagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuw gollanmalarynyň we kitaplaryň sowgat hökmünde gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen okuw gollanmalarynyň we kitaplaryň sowgat hökmünde gowşurylyş dabarasynda gatnaşyjylara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hytaý dili we edebiýaty hünäri boýunça hünärmenleriň taýýarlanylyşynyň aýratynlyklaryny özünde jemleýän prezentasiýalar görkezildi.
Dabaranyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hytaý dili we edebiýaty hünäriniň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde türkmen we hytaý dillerinde Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusy, Magtymguly Pyragynyň “Jahan bolarmy?”, hytaý şahyry Du Funyň “Bahar gijesinde bagt ýagyşy” atly goşgulary, hytaý filosofy Konfusiniň kitap barada aýdan sözleri kitap gowşurylyş dabarasyna gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri tarapyndan sowgat hökmünde okuw gollanmalarynyň we kitaplaryň gowşurylmagy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hytaý dili mugallymlary hem-de hytaý dili we edebiýaty hünäriniň talyplary üçin ýatdan çykmajak pursatlar boldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň günsaýyn ösýändigi, bu babatda bilim, ylym we ýaşlar syýasaty ugrunda hyzmatdaşlyk işleriniň has-da artýandygy üçin iki döwletiň Baştutanlaryna hoşallyk we alkyş sözlerini beýan etdiler.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30