Döredijilik bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry geçirildi

131

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Ýeňiş güni mynasybetli yglan edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry geçirildi.

Bäsleşige gatnaşýan talyp ýigitler özleriniň saýlan hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyşlar bilen wasp etdiler. Bäsleşikde aýdym-saz, goşgy, monolog ýa-da sahna ýerine ýetirmek, şeýle-de şorta söz ýa-da degişme sahnasyny ýerine ýetirmek ýaly şertlerden ugur alyndy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen bu döredijilik bäsleşigininde himiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Rüstem Saryýew ýeňiji diýlip yglan edildi we döwlet derejesindäki bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolan talyp ýigitler uniwersitetiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar köp asyrlyk milli gymmatlyklarymyz esasynda häzirki zaman türkmen jemgyýetinde kämil ýaş nesli kemala getirmek, talyp ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak babatda döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30